Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

ŞAHSY GARAÝYŞ

Hawa, ine-de, futbol janköýerleri üçin garaşylýan pursat gelip ýetdi. Mejbury ýagdaýda bir ýyl soňa süýşürilen futbol boýunça 16-njy Ýewropa çempionatyna şu ýarygije badalga berler. Rimdäki «Olimpico» stadionynda geçiriljek Türkiýe–Italiýa duşuşygy bilen bat aljak çempionat laýyk bir aýdan soň Londonyň «Wembley» stadionyndaky final bilenem tamamlanar. Bir aýlap dowam etjek futbol baýramçylygynda haýsy toparyň çempion boljakdygy millionlarça janköýeri içgin gyzyklandyrýar. Dogrudanam, haýsy topar çempion bolar?!

Kagyz ýüzünde Fransiýanyň ýygyndysy beýleki garşydaşlaryna garanyňda ep-esli öňde. Ýöne futbolyň kagyz ýüzünde däl-de meýdançada oýnalýandygyny ýene bir ýola ýatladyp, meniň pikirimçe-de Fransiýanyň ýygyndysy güýçli topar bolup,  ýene-de ençeme ýyldyzy yzda goýup gaýdan Didie Deşam 2016-njy ýylda öz ýurdunda aldyran kubogyny almak üçin elinde baryny gaýgyrmazmyka diýýärin. Üstesine-de 2-nji gezek (1998, 2000) Dünýä Kubogynyň çempionlygyndan soň, Ýewropanyň çempionlygyny almak has ýakymly bolsa gerek. Ýöne toparçada soňky çempion Portugaliýadan, şol sanda güýçli ýygyndy Germaniýadan öňe saýlanmaly bolar. Fransiýada Mbappe, Koman, Benzema, Grizmann dagy toparyň esasy ýyldyzlarydyr.

Çempionlygyň 2-nji güýçli dalaşgäri hökmünde köpler Belgiýany öňe sürýän hem bolsa, Angliýanyň ýygyndysyny-da gözden salmaly dälmikä diýýärin. Futbolyň watany hökmünde görülýän Angliýa öz yklymyndaky iň arzyly kubogy entek alyp görenok. 1966-njy ýylda gazanylan Dünýä Kubogynyň üstündenem köp wagt geçdi. Ýyldyz oýunçylary jemlemegi başaran tälimçi Garet Sautgeýt toparynyň hüjüm güýjüne uly ynam bildirýär. Ýarym final we finalyň «Wembley»-de oýnalmagy iňlisleri has-da hyjuwlandyrýar. Şol nukdaýnazardan olaryň 1996-njy ýylda öz ýurdunda elden gideren çempionlygyny bu gezek almagy hem mümkin.

Mundan 2 ýyl ozalky Dünýä Kubogynyň daşynda galan italýanlary 3-nji dalaşgär hasaplaýaryn. Roberto Mançininiň şägirtleri saýlama tapgyryndaky ähli oýunda ýeňiş gazanyp, ýeňillik bilen final tapgyryna çykdy. 30-a golaý oýundan bäri-de ýeňilmän gelýän gorag futbolynyň ägirdi hasaplanýan italýanlar üçin Ýewropada kubok gazanmagyň wagty gelip ýetdi, hatda geçibem barýar. 1968-nji ýylda çempion bolan italýanlar ondan soň 2 gezek finalda (2000, 2012) utuldy. Bu gezek Bajjo, Totti, Del Piero ýaly ýyldyzlary ýok hem bolsa, toparlaýyn we gorag futboly bilen Italiýany çempionlygyň gizlin dalaşgäri hökmünde hasaplamak bolar.

Çempion haýsy topar bolar? — diýlen sowala berjek 4-nji jogabym Belgiýanyň ýygyndysydyr. Şeýle güýçli düzüm bilen kubogy häzir alman, onda haçan aljak diýdirýän Belgiýanyň ýygyndysynda dünýä ýyldyzlary köp. Her ýygyndynyň belli bir döwründe bolşy ýaly, Belgiýanyň milli topary-da häzirki wagtda «altyn nesil» döwrüni başdan geçirýär we bu ýagdaýyň wagty ýyl geçdigiçe azalýar. Bazar sowulmanka kubogy alan ýagşy. Soňky Dünýä Kubogynda gazanylan bürünç medal ýokdan gowy bolsa-da, köpleri kanagatlandyranok. «Interde» möwsümi şowly tamamlan Lukaku, «Realda» möwsümi pes geçiren Edin Hazar toparyň iň esasy bil baglaýan ýyldyzlarydyr.

Soňky çempion Portugaliýa bu gezek has güýçli futbolçylar bilen gatnaşýar. Super ýyldyz Ronaldonyň bardygyna garamazdan, meniň pikirimçe, Portugaliýa çempionlygyny gaýtalamak başartmazmyka diýýärin. Ronaldonyň çempionatyň taryhyndaky iň netijeli oýunçy rekordyny almagyna we hatda Ali Daeiniň milli ýygyndylardaky iň köp gol geçiren oýunçy rekordyna-da golaýlamagyna garaşsam-da çempionlyk az-owlak daşrak ýaly görünýär.

15 ýyldan bäri tälim berip gelýän Ýoahim Löw (Germaniýanyň ýygyndysy) üçin hem milli ýygyndyny taşlamazdan öň, has ýakymly duýgular, ýagny çempionlyk bilen hoşlaşmak gowy bolsa gerek. Ýöne bu başardarmyka? Täzeçe düzüm guran Ispaniýanyň ýygyndysyny-da çempionlygyň uzagrakdaky dalaşgäri hökmünde sanawa goşup bileris.

Elbetde, ýokarda bellänlerimizden başga bir toparyň çempion bolmagy-da mümkin. Edil 1992-nji ýylda Daniýanyň, 2004-nji ýylda Gresiýanyň çempion bolşy ýaly. Munuň üçinem biz janköýerlere futbolyň keýpini çykaryp, hözirini görüp tomaşa etmek we birje aý sabyrsyzlyk bilen garaşaýmak galýar…

 

Zaman-Türkmenistan” gazetiniň sport synçysy