Golaýda öz amaly ulgamyny tanyşdyran “Huawei” kompaniýasy bu amaly ulgamyň birnäçe elektron enjamda boljakdygyny mälim edipdir. Şol dabarada smartfon, sagat we planşetini köpçülige görkezen hytaý brendi bu amaly ulgamda işleýän ilkinji sowadyjysyny tanyşdyrdy. Şol bir amaly ulgamda işleýän enjamlaryň öz aralarynda baglanyşyk gurup, uzakdan dolandyryp bolýar. Sowadyjy, ulanyjylara sowadyjynyň içindäki iýmitiň täzeligi barada islendik wagtda habar berýär. Mundan başga-da, ulanyjylara birnäçe tagamyň bişirilişi barada maglumat berilýär. Hatda sowadyjy bar bolan önümlerden näme taýýarlap boljakdygyny hem görüp bolýar. Şeýle hem “Midea” atly sowadyjy ulanyjylaryň nahar bişirmezden ozal eti kadaly ýagdaýda eretmek üçin temperaturasyny sazlaýar. Bu sowadyjynyň umumy göwrümi 603 litre barabar bolup, doňduryjy bölümiň göwrümi 194 litre deň. Sowadyjy, “Huawei” dükanlarynda eýýäm 1100 dollardan satuwa çykaryldy.