Ýewropa çempionatynda ikinji günde 3 duşuşyk oýnalar. Aşgabat wagty bilen 18:00-da, 21:00-da hem-de 00:00-da başlajak oýunlarda degişlilikde, Uels bilen Şweýsariýanyň, Daniýa bilen Finlýandiýanyň hem-de günüň iň esasy duşuşygy diýlip görkezilýän Belgiýa bilen Russiýanyň ýygyndylary özara duşuşar.

18:00-da başlanjak Uels bilen Şweýsariýanyň oýnuna fransiýaly Klemen Turpen eminlik edip, duşuşyk Azerbaýjanyň paýtagty Bakudaky Olimpiýa stadionynda oýnalar. Bu olaryň arasyndaky 6-njy duşuşyk bolup, öňki oýunlarda Uels 2, Şweýsariýa 3 gezek ýeňiş gazandy.

21:00-da başlanjak oýunda Daniýa bilen Finlýandiýa duşuşar. Daniýanyň paýtagty Kopengagendäki “Parken” stadionynda boljak duşuşykda angliýaly Antoni Teýlor jürlewük çalar. Iki topar mundan öň 59 gezek duşuşyp, bu oýun olaryň arasyndaky 60-njy duşuşyk bolar. Öňki oýunlarda Daniýa 38, finler 11 gezek ýeňiş gazandy (10 deňlik). Gollarda 151-60 Daniýa öňde.

00:00-daky oýunda-da Belgiýa bilen Russiýanyň ýygyndylary Sankt-Peterburgdaky “Gazprom Arenada” duşuşarlar. Bu oýna ispaniýaly Antonbio Mateo Lahoz eminlik eder. Iki topar ozalky SSSR-di hasaba alanyňda, 12 gezek duşuşdy. Şolarda Belgiýa 6, Russiýa (ozalky SSSR) 4 gezek ýeňiş gazandy. Russiýanyň ýygyndysyna ozalky SSSR-den soň Belgiýanyň bir gezek ýeňmek başartmady. 7 oýunda 5 gezek ýeňiş gazanan Belgiýa 2 duşuşykda deňme-deň oýnady. Iki topar Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyrynda-da duşuşyp, Belgiýa öz meýdançasynda 3-1, myhmançylykda 4-1 ýeňiş gazandy