Saud Arabystany hökümeti şu ýyl Haj parzyny berjaý etmek üçin daşary ýurtly zyýaratçy kabul edilmejekdigini mälim etdi. Haj parzyny berjaý etmäge 60 müň saud arabystanyly, şeýle hem dürli sebäplere görä resmi ýagdaýda bu ýurtda ýaşaýan daşary ýurtlular gatnaşyp bilerler. Şu ýyl iýulyň ortalaryna gabat gelýän Haj parzyny berjäý etmek üçin 18-65 ýaş aralygynda sanjym edilen saud arabystanlylar onlaýn usulda ýüz tutup bilerler.
Geçen ýyl dünýäde emele gelen ýagdaý sebäpli jemi 10 müň adam Haj parzy üçin kabul edilipdi. Adatça, Haj parzyna her ýylda 2,5 million töweregi adam gatnaşýar.