“Microsoft” we “American Airlines” kompaniýasy elektrik energiýasy bilen işleýän uçýan ulaglary işläp taýýarlaýan “Vertical Aerospace” atly “startap” şereketine umumy bahasy 1 milliard dollar bolan 250 sany dikligine uçýan ulagy sargyt edendiklerini mälim etdiler. “Vertical Aerospace” kompaniýasy bolsa, “Microsoft”, “American Airlines”, “Virgin Atlantic”, we “Avalon” ýaly kompaniýalardan jemi 4 milliard dollarlyk arassa energiýa bilen işleýän “VA-X4” atly dik göterilýän 1000 sany uçary sargyt alandyklaryny mälim etdi. Şeýle hem bu kompaniýa başga bir kompaniýa bilen hyzmatdaşlykda Nýu-Ýork biržasynda paýnama satmagy maksat edinýändiklerini mälim etdi. Kompaniýa bu uçarlaryň sagatda 320 kilometrden ýokary tizlikde uçjakdygyny we uçýan wagty hiç hili ses çykarmajakdygyny belleýär. Bir gezekki zarýady bilen 160 kilometrden gowrak ýol geçip bilýän uçaryň bir sany nusgalyk görnüşi taýýar edildi. Bu uçaryň ilkinji synag uçuşyny şu ýylyň dowamynda amala aşyrmagyna garaşylýar.