Ýygy-ýygydan kitap okamagy ündeýän dünýä belli işewür Bill Geýts tomusda okalmaly kitaplaryň sanawyny ýaýratdy. Adatça bolşy ýaly, Geýtsiň sanawynda bäş sany kitap bar. Işewür bu gezek adam-tebigat gatnaşyklary baradaky kitaplary saýlapdyr. Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar tebigatyň adamzat üçin näderejede ähmiýetlidigine ýene bir gezek göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Ine, Bill Geýtsiň maslahat berýän kitaplary:
– «Lights Out: Pride, Delusion, and the Fall of General Electric», Thomas Gryta we Ted Mann. (Çyralar öçdi: Buýsanç, ýalňyşlyk we «General Electric»-iň peselişi», Tomas Gryta we Ted Mann)
– «Under a White Sky: The Nature of the Future», Elizabeth Kolbert. («Ak asmanyň astynda: Geljegiň tebigaty», Elizabet Kolbert)
– «A Promised Land», Barack Obama. ( «Söz berlen ülke», Barak Obama)
– «The Overstory», Richard Powers. («Obserwatoriýa», Riçard Powers)
– «An Elegant Defense: The Extraordinary New Science of the Immune System: A Tale in Four Lives» – Matt Richtel. («Nepis gorag: immun ulgamynyň adatdan daşary täze bilimi: dört ýaşaýyşda bir erteki», Mätt Riçel).