Häzirki wagtda uly şäherleriň ýaşaýjylary beýik binalaryň aşagyndaky ýerasty awtoulag duralgalaryna we garažlaryna doly öwrenişdiler. Ýöne adamlar pul tygşytlamak we daşky gurşawa bolan söýgüsi üçin welosipedleri ýygy-ýygydan ulanyp, işe gatnaýarlar. Şeýle hem, ulagyň bu görnüşini nirededir bir ýerde goýmaly bolýar.
Golaýda Germaniýanyň Gamburg şäherinde welosipedler üçin ilkinji köpçülikleýin duralga açyldy. Ol 600 welosiped üçin niýetlenen, şolardan 145-si onlaýn bron etmek üçin niýetlenendir. Ýene-de 400 ýer açyk asmanyň astynda ýerleşýär. Welosiped sürýänleriň göwnünden turmak üçin bu adaty bolmadyk, ýöne amatly infrastrukturanyň işe girizilmegi, welosipedleriň şäherde alternatiw ulag serişdesi hökmünde raýatlaryň ulanmagyny höweslendirýär. Mundan başga-da, şäherde täze welosiped ýodalary gurulýar we köne ýollar abatlanýar.