G7 ýurtlarynyň liderleri Beýik Britaniýada geçirilen sammitde uglerodyň zyňyndylaryny nola çenli 2050-nji ýyldan gijä galman azaltmak barada ylalaşdylar. Bu barada Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen:
– G7 ýurtlarynyň liderleri global temperaturanyň ýokarlanmagyny 1,5 derejede saklamak üçin 2050-nji ýyldan gijä galman zyňyndylar barada möhüm bilelikdäki borçnamalara gol çekdiler. Biz onuň 1,5 derejede saklanmagy üçin elimizden gelenini ederis – diýip, Ursula fon der Lýaýen belledi.
Ursula fon der Lýaýen sammitde kömürden alynýan energiýany tapgyrlaýyn azaltmak we maliýeleşdirmegi bes etmek barada ylalaşyk gazanylandygyny aýtdy.
– G7 hyzmatdaşlary kömürden ýüz öwürmek barada ylalaşdylar. Dünýäde kömür energiýasyny maliýeleşdirmegi bes etmek baradaky G7 şertnamasy uly üstünlikdir – diýip, ol belledi.
Ursula fon der Lýaýen, häzirki wagtda Ýewropa Bileleşiginde alternatiw energiýanyň önümçiliginiň 25 göterime çenli elektrik energiýasy bilen üpjün edýändigini, bileleşigiň 2030-njy ýyla çenli bu görkezijini 38 göterime çenli artdyrmagy niýet edinýändigini aýtdy.
Ýewropa Bileleşigi geçen ýyl 2050-nji ýyla çenli Ýewropa Bileleşiginiň ykdysadyýetinde howa goýberilýän zyýanly gazlary nola ýetirmek wezipesini goýdy we soňky iki ýylda öz hyzmatdaşlary bilen bu meseläni çözmäge tagalla edýär. Kömür energiýasy barada aýdylanda bolsa, bu ekologiýa taýdan iň hapa ýangyç bolup, Germaniýadan başga Bileleşigiň beýleki ýurtlarynda heniz hem ulanylmagyny dowam etdirýär.
G7 ýurtlarynyň sammiti 11-13-nji iýun aralygynda Beýik Britaniýanyň günortasyndaky Kornuoll graflygynyň Karbis-beý dynç alyş merkezinde geçirildi. Bu sammitde «G7 toparyna girýän ýurtlaryň Premýer-ministrleri we Prezidentleri koronawirusa hem-de howanyň üýtgemegine garşy göreşden başlap, meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
G7 toparynyň düzümine Beýik Britaniýa, Kanada, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Ýaponiýa, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi girýär.