«Blue Abyss» kompaniýasy kosmonawtlary türgenleşdirmek we suwasty robot tehnikalaryny ösdürmek maksady bilen ulanyljak iň çuň emeli howzy gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa gurluşygy 2023-nji ýyla çenli tamamlamagy meýilleşdirýär.
Geljekki howzuň uzynlygy 50 metr, ini 40 metr, çuňlugy 50 metr, göwrümi bolsa, 42 müň kub metr suw bolar. Howuzdan başga-da, toplumda gipobarik we giperbarik kameraly ylmy merkezler, mikrograwitasiýa otaglary, synp otaglary, ussahanalar, kafeler, dynç alyş otaglary bolar.
«Bu taslama halkara kosmos agentliklerine synag geçirmäge, uzakdan dolandyrylýan ulaglary synagdan geçirmäge, guwwaslary taýýarlamaga we film döretmäge mümkinçilik berer» diýip, «Blue Abyss»-yň wekilleri mälim etdiler. Gurluşygyň bahasy 212 million dollar bolar diýlip çaklanylýar. Bu toplum Kornuolldaky «Aerohub Enterprise Zone» atly zolakda ýerleşer.