Panamanyň häkimiýeti ýurduň deňiz kenar ýakalaryny goramak maksady bilen ägirt uly ädim ätdiler. Biodürlülige baý Panama Ýuwaş ummanyň suwlarynda özüniň gury ýer ululygyna barabar 67742 inedördül kilometre deň bolan deňiz goraghanasyny döretdi.
Giň çäklerde ýerleşýän deňiz goraghanasy Kordilýera-de-Koýba balyk resurslaryna baý bolup, bu sebitde deňiz jandarlary üçin möhüm ýaşaýyş mekanydyr. Şeýlelik bilen, Panama deňiz baýlyklaryny aýawly saklamak we durnukly peýdalanmak maksady bilen 196 ýurt tarapyndan gol çekilen Biodürlülik konwensiýasynda kesgitlenen gorag maksatlaryna eýerýär. Goňşy Kolumbiýanyň goraghanalary bilen bir hatarda goralýan ýer 121341 inedördül kilometre çenli uzalyp, Ýuwaş ummanyň tropiki böleginde üçünji uly deňiz goraghanasyna öwrüldi.
Smitson tropiki gözleg institutynyň maglumatlaryna görä, 2019-njy ýylda 4899 gämi ummanara ýoldan geçensoň, täze goraghanany goramak uly alada döredýär. Goragly ýerden geçýän gämileriň arasynda nebit tankerleri hem bar. Şeýle hem ýylda 5 million dollar girdeji getirýän halkara balykçy gämileri bar. Maksat sebitdäki balyk tutulyşyny azaltmak we balyklaryň deňiz kenaryna ýetmegine ýol bermekdir. Ekologlaryň pikiriçe, bu ýol bilen deňziň baýlyklaryny dikeldip bolar, sebäbi balyklaryň köp tutulmagy ep-esli azalar, bu bolsa ýerli ykdysadyýete peýdaly bolar. Bu ýerleri goramak deňiz baýlyklarynyň hasabyna ýaşaýan ilatyň geljegi üçin maýa goýumdyr.