Otag ösüm­lik­le­ri diňe bir penjirelerimiziň öňüni bezemän, eýsem, otagyň howasyny hem arassalaýar, ho­wa­da­ky dem alyş ýol­la­ry üçin zyýan­ly bö­le­jik­le­ri ýok ed­ýär. Bu güller üçin näçe alada edilse, şonça-da owadanlaşýar. Bu ösüm­lik­ler her möwsümde baş­ga­ça ideg ta­lap ed­ýär. Ýy­lyň is­len­dik pas­lyn­da otag gül­le­ri­ni gül­dan­la­ra otur­dyp bol­ýar. Gül sa­tyn al­nan­da, ýap­rak­la­ry­nyň tä­ze, teg­mil­siz we sag­dyn gö­rün­me­gi­ne üns be­ril­me­li. Göz öňün­de tu­tul­ma­ly esa­sy zat bol­sa top­ra­gy­nyň aras­sa we aşa köp bol­maz­ly­gy­dyr.
Öý gül­le­ri­niň gül­dan­la­ry­ny, top­ra­gy­ny ha­çan we nä­dip ça­lyş­ma­ly? Bu so­ra­ga ýö­ne­keý jo­gap be­rip bol­ma­ýar. Mu­ňa bir­nä­çe zat tä­sir edýär. Gül­da­ny we top­ra­gy üýt­get­me­giň wag­ty ösüm­li­giň gör­nü­şi­ne, ýer­leş­ýän ýe­riniň ho­wa­sy­na, ota­gy­ňy­zyň ho­wa şert­le­ri­ne gö­rä üýt­ge­ýär.

Gül­dany üýt­get­mek üçin iň amat­ly wagt
Adat­ça otag ösüm­lik­le­ri­niň gül­dan­la­ry gül­ler ula­lan ýag­da­ýyn­da çal­şyl­ýar. Ýaz aý­la­ryndan tomsuň ortalaryna çenli mu­nuň üçin amat­ly wagt ha­sap­lan­ýan hem bol­sa, gü­lüň gör­nü­şi­ne gö­rä, ýy­lyň beý­le­ki möw­süm­le­rin­de hem gül­da­ny ça­l­şyp bol­ýar. Gül tä­ze gül­da­na gö­çü­ri­len­de, onuň üçin taý­ýar­la­nan top­rak ýo­ka­ry hil­li bol­ma­ly­dyr. Ýap­rak­la­ry sa­ra­lan ýa-da kökl­eri gu­ran gül­le­riň gül­da­ny­ny ça­lyş­ma­ly däl, di­ňe sag­dyn gül­le­riň gül­da­ny ça­l­şyl­ma­ly. Tä­ze gül­dan kö­ne­sin­den ga­ty uly bol­ma­ly däl. Kö­ne gül­da­na baş­ga ösüm­lik oturt­jak bol­sa­ňyz, ony ma­za­ly aras­sa­la­ma­gy unut­maň! Şeýle-de gü­le iki gün öň suw ber­len bo­lma­ly. Gül­da­ny ça­l­şy­lan gül ýag­ty­ly­gy ha­la­ýan hem bol­sa, bir-iki hepde kö­le­ge­de sak­lan­ma­ly. Gü­lüň gö­çü­ril­jek gül­da­ny­ bir­nä­çe sa­gat hlor­syz, aras­sa suw gu­ýlup goýlan bolmaly. Gül otur­dyl­jak gül­da­nyň aşa­gyn­da ar­tyk­maç su­wy syz­dyr­ma­gy üçin de­şik­ler bol­ma­ly. Bu de­şik­ler­den top­ra­gyň ak­maz­ly­gy we top­ra­gyň yz­ga­ry­ny sak­la­ma­gy üçin 2 sm ga­lyň­lyk­da ça­gyl da­şy dü­şel­me­li. Üs­tü­ne gül­da­nyň üç­den bi­ri­ni dol­du­rar ýa­ly aras­sa top­rak guý­ma­ly. Gü­li kök­le­ri­ne we bal­da­gy­na ze­per ýe­tir­me­jek de­re­je­de emaý bi­len ýo­ka­ryk çek­me­li. Eger gül gül­dan­dan çyk­ma­ýan bol­sa, onuň gap­da­lyn­dan py­ça­gyň ar­ka­sy bi­len ýu­waş­ja­dan urup bi­ler­si­ňiz. Gü­li çy­ka­ran­dan soň­ra ça­la­ja sil­kip, kökündäki top­rak­la­ry­ mümkin boldugyça gaçyryň! Çüý­rän kö­ki bar bol­sa, gaý­çy bi­len ke­siň! Soň­ra bol­sa gü­li bir eli­ňiz bi­len tä­ze gül­da­nyň or­ta­syn­da ýer­leş­di­rip, sak­laň, beý­le­ki eli­ňiz bi­len gy­ra­la­ry­na top­rak gu­ýuň! Gü­lüň kök­le­ri­niň ozal­ky­dan has çuň ýer­de ýer­leş­me­li­di­gi­ni unut­maň! Top­rak guý­ýan wag­ty­ňyz ara­syn­da boş­luk gal­maz ýa­ly eli­ňiz bi­len ça­la­ja ba­syş­dy­ryň! Gül­da­nyň er­ňe­gin­de 1,5-2 sm boş­luk ga­lma­ly. Soň­ra bol­sa, gü­li suw­laň! Kö­küň tä­ze top­ra­ga alyş­ma­gy üçin 1-1,5 aý dö­kün be­ril­me­li däl.

Ogul­nar Ço­pa­no­wa,
Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Teh­no­lo­gi­ýa­lar mer­ke­zi­niň Mag­lu­mat­lar we ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bar­lag­ha­na­sy­nyň ki­çi yl­my iş­gä­ri.