Sabyr ajy bolsa-da, soňy süýji
Türkmen nakyllarynda ynsany bezeýän gylyk-häsiýetlerdir endikleriň birnäçesi çuň manyly pikirleriň üsti bilen açylyp görkezilýär. Şolaryň biri hem adamyň özüni alyp barşynda, esasan, köpçülik ýerlerinde ýüze çykýan sabyrly bolmak endigidir. Türkmen diliniň sözlüginde «Sabyr – çydam edip garaşmaklyk ukyby, takat, çydam» diýip düşündiriş berilýär. Nakylyň birinji böleginde sabyr «ajy» zada deňelip, sabyrly bolmagyň kyndygy, onuň täsiriniň ýitidigi beýan edilýär. «Sabyr käsesini doldurman» garaşmak her kime başartmaýar. Sabyrly bolmak adamda erkliligi, akyla görä iş ýöretmegi talap edýär. Bu aýdylanlara ugurdaş manyda şu nakyly getirip bileris:
Sabyr daşy – takat daşy.
Nakylyň ikinji böleginde sabryň soňunyň, ýagny «miwesiniň» süýjüdigi, adam üçin haýyrlydygy aýdylýar. Ýagny, wagtynda amala aşmadyk maksatlaryň, şer işleriň soňy sabyr etmek arkaly haýra dönýändir. Islendik zatda, goý ol okuwda bolsun, iş ýüzünde bolsun, sabyrly bolup, öňde goýan maksadymyza, göz öňünde tutan netijelerimize ýetip bileris.
Nakylyň manysyny jemlänimizde, näçe kyn bolsa-da, sabyrly bolmagy endige öwürmelidigi, erki elden bermän, soňuna çenli garaşyp, haýyrly pursatlara ýetmelidigi beýan edilýär. Sabyr üstünlikleriň, şowlulyklaryň gözbaşydyr. Sabyrlylyk durmuşdaky ähli gapylaryň açarydyr.
Sabyr soňy – sap altyn.
Sabyr eden myrada ýeter.