Günleriň bir güni şahadan-şaha böküp ýören bir belka kölegede uklap ýatan möjegiň garnynyň üstüne patlap düşýär. Ýatan ýerinden allaniçigsi bolup, syçrap turan möjek ony garbap alaga-da, lak-luk atmaga hyýallanýar. Belka naýynjar halda:
– Goýber meni, goýbersene! – diýip, ýalbarýar.
Möjek belkany penjeleriniň arasynda yzgytsyz gysyp, ýalak ýaly agzyny onuň gözlerine golaýladyp:
– Ýeri, bolýar-da, gardaş, men seni goýbereýin, ýöne belkalaryň näme üçin beýle şadyýan, gaýgy-gamsyz durmuşda ýaşaýandygyny maňa aýtmaly bolarsyň. Meniň hemişe ýüregim gysýar, tukatlyk ruhumy gemirýär, ýöne siz welin, agaçlaryň şahalarynda ondan-oňa böküşip, wagtyňyzy hemişe şadyýan geçirýärsiňiz – diýip, gözüni süzüp çiňkerilipdir.
– Ilki meni goýberiň, onuň sebäbini agaja çykamsoň aýdaýmasam, senden gaty gorkýaryn – diýip, belka sandyrapdyr.
Möjek penjelerini gowşadansoň, belka göz açyp-ýumasy salymda agaja dyrmaşyp çykypdyr we ol ýerden:
– Seniň zandyň ýaramaz bolandygy üçin ýüregiň gysyp, dünýäň daralýar. Seniň hyrsyzlygyň we yzgytsyzlygyň öz ýüregiňi hem paralaýar. Biz bolsa gowy we hiç kime ýamanlygymyz bolmandygy üçin hemişe şadyýan – diýip, ýokarlygyna dyrmaşyp, gözden gaýyp bolupdyr.
Terjime eden Süleýman Taýlyýew,
Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän
87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçysy.