Fransiýada geçirilen ylmy barlagda “Coelacanth” atly äpet balygyň 100 ýyla çenli ýaşaýandygy anyklandy. Onuň uzynlygy 1,8 metre, agramy 90 kilograma çenli bolýar. Örän haýal ösýän balygyň göwrelilik döwri 5 ýyllap dowam edýär. Fransiýanyň Montpellýer uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlaglarynda bu balygyň muzeýde saklanýan nusgalary hem öwrenildi. Netijede balygyň üstündäki ak çyzyklaryň agaç halkalarynda bolşy ýaly, onuň ýaşyny görkezýändigi ýüze çykaryldy. Ylmy işiň netijeleri barada “Current Biology” žurnalynda çap edilen makalada deňiz jandarynyň sanynyň örän azdygy mälim edildi. Bu balyklaryň erkekleri 40-69 ýaşlarynda, urkaçylary 50 ýaşlarynda önelgelik ukybyny gazanýar. 1938-nji ýylda Günorta Afrikanyň kenarlarynda bu deňiz jandaryna duş gelinýänçä, onuň nesliniň gutarandygy çaklanylýardy. Häzirki wagtda balygyň az sanlysynyň galandygy bellenilýär. Hünärmenler balygy içgin öwrenmegiň onuň nesliniň dowam etdirilmegi üçin ähmiýetli boljakdygyny belleýärler.