Germaniýanyň ”Audi” kompaniýasy “nol kömürturşy gazy” maskadyna ýetmek üçin 2033-nji ýyla çenli dizel we benzinli hereketlendirijili awtoulag önümçiligini ýatyrjakdygyny mälim etdi. Kompaniýanyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Markus Duesmann “Audi”-niň elektrik energiýa döwrüne ynamly we güýçli ädim ätmäge taýýardygyny belledi. 2025-nji ýyla çenli kompaniýanyň elektroulag modelleriniň sany 20-den geçer. 2033-nji ýyla çenli içinde otlanýan motorlaryň önümçiligi tapgyrlaýyn ýagdaýda azaldylar. Şeýle hem kompaniýanyň ýolbaşçysy has netijeli ulaglary öndürmek üçin içinden otlanýan hereketlendirijili ulaglaryň hem soňuna çenli kämilleşdirilmeginiň dowam etdiriljekdigini belledi.

Dünýäniň onlarça kompaniýasy adaty ýangyçly ulaglaryň sanyny azaldyp, onuň deregine elektroulag önümçiligini artdyrýar. Iri şäherleriň köpüsinde bu ulaglaryň sürülmeginiň çäklendiriljek ýyllary kesgitlenip başlady. Şeýle bolansoň, iri awtoulag öndürijiler täze düzgüne “uýgunlaşmaly” bolýarlar. Bu ugurda Hytaýyň BAIC hem-de Angliýanyň “Jaguar” kompaniýalary bäsdeşlerinden öňe saýlanar. Iki brend hem 2025-nji ýyldan başlap, benzinli ulag öndürmegi bes etjekdiklerini mälim edipdi.

2030-njy ýyldan başlap, Şwesiýanyň “Volvo” kompaniýasy diňe elektroulag satuwyny amala aşyrar. Amerikan “General Motors” bolsa, munuň üçin 2035-nji ýyla çenli garaşar. “Mercedes-Benz” brendi bilen awtoulag öndürýän nemes “Daimler” kompaniýasy 2039-njy ýyla çenli içinden otlanýan ulaglaryň önümçiligini dowam etdirer. “Volkswagen” bolsa, 2040-njy ýyly salgy berdi.