Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny we abadançylygyny gazanmak ugrunda ösüşiň täze gözýetimlerini açyp, täze üstünliklere barýarys. Milli Liderimiz özüniň öňdengörüjilikli hem-de paýhasly içeri we daşary syýasatynyň netijesinde, Türkmenistan döwletimizi ynamly öňe alyp barýar.
Milli Liderimiz görnükli döwlet işgäri, dünýä derejesindäki syýasatçy bolup, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlanmagy, ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýynyň barha belende galmagy ugrunda irginsiz alada edýän beýik Liderdir. Ýurdumyzyň ähli ugurlarda gazanýan üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň paýhasly we halkymyzyň bähbidine laýyk gelýän hem-de onuň asylly başlangyçlaryny äşgär edýän netijeli syýasaty bilen berk baglanyşyklydyr.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz häzirki wagtda milli Liderimiziň beýik başlangyçlary we taýsyz tagallalary netijesinde öz ösüşinde uly özgerişlikleri başdan geçirýär. Ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki tapgyry tehnologiýalaryň çalt döwrebaplaşdyrylmagy, ähli pudaklara sanly ulgamyň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, ykdysadyýetiň gurluş düzüminiň kämilleşdirilmegi, täze önümçilikleriň döredilmegi we ykdysadyýetiň hususy böleginiň ösdürilmegi bilen häsiýetlendirilýär. Netijede, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli taraplaryny öz içine alýan bu düýpli işleriň merkezinde hormatly Prezidentimiziň yhlasly hyzmaty hem-de ýadawsyz işleri durýar. Şu ýyl ata Watanymyz Türkmenistanyň özygtyýarly hem-de garaşsyz döwlet bolanyna 30 ýyl dolýar. Bu şanly sene dabaraly bellenip geçilýär.
Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi bolsa dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen bu senäni has-da dabaralandyrmaga, halkymyzyň watançylyk ruhuny ýokary götermäge ýardam edýär. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan has-da gözel keşbe eýe bolan Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy bellenilip geçildi. Gurmak, döretmek, bina etmek geljegi nazarlaýan işlerdir. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 25-nji maýynda gurluşygyna ak pata beren «Aşgabat-siti» taslamasy güneşli Diýarymyzyň günsaýyn depginli ösýändigini görkezýär, Garaşsyz ýurdumyzyň kuwwatly döwlete öwrülýändigine şaýatlyk edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda 2021-nji ýyl ýurdumyzyň durmuşynda konstitusion özgertmeleriň amala aşyrylmagy bilen hem möhüm ähmiýete eýe boldy. Konstitusion özgertmeleriň düýp manysy we mazmuny Watanymyzyň, halkymyzyň durmuşynyň rowaçlanmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň kanun çykaryjy organynyň iki palataly ulgama geçirilmegi ýurdumyzyň batly ösüşlerine täze güýç-kuwwat berýär.
Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, orta we ýokary okuw mekdepleridir çagalar baglary, saglygy goraýşyň innowasion merkezleri, önümçilik hem durmuş maksatly senagat kärhanalary gurulýar, döwrebap ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny öz içine alýan täze etraplar, şäherdir obalar kemala gelýär.
Döwlet Baştutanymyzyň aýratyn ähmiýet berýän esasy ugurlarynyň biri-de, ynsanyň saglygy bilen baglanyşyklydyr. Golaýda, milli Liderimiziň «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa hem-de şu strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagyna degişli gol çeken taryhy Karary hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Gurulýan täze-täze şypahanalar, sagaldyş-dynç alyş merkezleri, Aşgabat şäherimiziň ýakasyny bezäp oturan «Altyn köl» dynç alyş zolagynyň ulanylmaga berilmegi hem-de bu sebitde täze döwrebap dynç alyş zolagynyň döredilmegi babatda täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegi halkymyzyň saglygyny berkitmek, dynç alyş şertlerini gowulandyrmak ugrunda ählitaraplaýyn we bimöçber alada edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, ynsanperwerlik ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýar. Türkmenistanyň abraýly halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy bilen ýola goýýan gatnaşyklary işjeň häsiýete eýe bolýar. Milli Liderimiziň tutuş adamzat ähmiýetli öňe sürýän başlangyçlary halkara derejesinde yzygiderli ykrar edilýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilmegi eziz Watanymyzyň abraýynyň belende galýandygyny we milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara derejede ykrar edilýändigini alamatlandyrýar.
Arapmyrat NURNAZAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy.