Saud Arabystany howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseläni çynlakaý we gyssagly çözmäge taýýardygyny mälim etdi. Saud Arabystanynyň habar gullugynyň bellemegine görä, bu barada ABŞ-nyň Prezidentiniň Howa boýunça ýörite wekili Jon Kerriniň patyşalyga saparyndan soň mälim edildi.
Iki döwlet hem Pariž şertnamasynyň ýerine ýetirilişini güýçlendirmek boýunça işleriň, G20 sammitiniň Rimde işjeň guralmagyna ýardam bermegiň we Glazgoda Howanyň üýtgemegi baradaky Birleşen Milletler Guramasynyň 26-njy konferensiýasynyň üstünlikli geçirilmegine işjeň goşant goşmagyň möhümdigini mälim etdiler.
Saud Arabystany we ABŞ ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmagyň we howanyň üýtgemeginiň has erbet täsirlerinden gaça durmak üçin uýgunlaşma çärelerini görmegiň möhümdigini tassykladylar.
Beýanata görä, olar Saud Arabystanynyň Ýaşyl başlangyç we Ýakyn Gündogar başlangyjy maksatnamalarynyň çäklerinde işjeň goldaw bermek, ikitaraplaýyn esasda hyzmatdaşlyk etmek, şol sanda, arassa energiýa, durnukly oba hojalygy we ýerden peýdalanmak boýunça bilelikde işlärler.