BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy An­to­niu Gu­ter­ri­şi ikin­ji ge­zek gu­ra­ma­nyň Baş sek­re­ta­ry we­zi­pe­si­ne bel­le­di. Onuň bu we­zi­pe­de in­di­ki möh­le­ti­niň 2022-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan 2026-njy ýy­lyň 31-nji de­kab­ry ara­ly­gyn­da boljakdy­gy­ny BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Wol­kan Boz­kyr yg­lan et­di.
Gu­ter­riş BMG-niň do­ku­zyn­jy Baş sek­re­ta­ry­dyr. BMG-niň Baş sek­re­ta­ry Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň baş do­lan­dy­ry­jy iş­gä­ri­dir. Baş sek­re­tar BMG-niň Howp­suz­lyk Ge­ňe­şi­niň tek­li­bi bi­len gu­ra­ma­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan bel­le­nil­ýär. Howp­suz­lyk Ge­ňe­şi­niň ka­ra­ry adat­ça res­mi däl mas­la­hat­lar we bir­nä­çe reý­ting ses­le­ri bi­len be­ril­ýär. Umu­my ka­bul edi­len tej­ri­bä la­ýyk­lyk­da, Baş sek­re­tar Howp­suz­lyk Ge­ňe­şi­niň he­mi­şe­lik ag­za­la­ry bo­lan ýurt­la­ryň we­kil­le­rin­den saý­lan­ma­ýar. BMG-niň Baş sek­re­ta­ry bäş ýyl­lyk möh­le­te saý­lan­ýar we tä­ze möh­le­te gaý­ta­dan saý­la­nyp hem bil­ner. Baş sek­re­ta­ryň bäş ýyl­lyk möh­le­ti­niň çä­gi ýok bol­sa-da, şu wag­ta çen­li hiç kim bu we­zi­pä­ni iki ge­zek­den köp eýe­le­me­di. Baş sek­re­ta­ryň re­zi­den­si­ýa­sy BMG-niň Tertl-Beý­de ýer­leş­ýän bi­na­sy­dyr. An­to­niu Gu­ter­riş bu we­zi­pä­ni 5 ýyl­lyk möh­let bi­len 2017-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan bä­ri eýe­le­ýär. Gu­ter­riş Baş sek­re­tar we­zi­pe­si­ne ýe­ke-täk da­laş­gär bol­dy.
Baş sek­re­ta­ryň öň­ki ag­za­la­ry: Pan Gi Mun (Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy) 2007-nji ýy­lyň ýan­wa­ryn­dan 2016-njy ýy­lyň de­kab­ry ara­ly­gyn­da iş­le­di. Ko­fi An­nan (Ga­na) 1997-nji ýy­lyň ýan­wa­ryn­dan 2006-njy ýy­lyň de­kab­ry ara­ly­gyn­da; But­ros But­ros-Ga­li (Mü­sür), 1992-nji ýy­lyň ýan­wa­ryn­dan 1996-njy ýy­lyň de­kab­ry ara­ly­gyn­da; Haw­ýer Pe­res de Ku­el­ýar (Pe­ru) 1982-nji ýy­lyň ýan­wa­ryn­dan 1991-nji ýy­lyň de­kab­ry ara­ly­gyn­da; Kurt Wald­haým (Awst­ri­ýa) 1972-nji ýy­lyň ýan­wa­ryn­dan 1981-nji ýy­lyň de­kab­ry ara­ly­gyn­da; U Tan (Bir­ma, hä­zir­ki Mýan­ma) 1962-nji ýy­lyň no­ýabr aýyn­dan 1971-nji ýy­lyň de­kabr aýy­na çen­li; Dag Ham­mar­şeld (Şwe­si­ýa) 1953-nji ýy­lyň ap­re­lin­den 1961-nji ýy­lyň sent­ýabr aýy­na çen­li; Trýug­we Li (Nor­we­gi­ýa) 1946-njy ýy­lyň few­ra­lyn­dan 1952-nji ýy­lyň no­ýabr aýy­na çen­li bu we­zi­pe­de iş­le­di.