“Ferrari” kompaniýasy “296 GTB” atly modelini tanyşdyrdy. Elektrik energiýasyndan hem güýç alýan V6 motorly ulag daşky dizaýny we kuwwatlylygy bilen ünsi özüne çekýär. Zarýad berip bolýan gibrid ulagyň benzinli hereketlendirijisiniň ýeke özüniň kuwwaty 654 at güýjüne barabar. Iki hereketlendiriji birwagtda işledilende ulagyň kuwwaty 830 at güýjüne barabar bolýar. Modeliň has köp karbon süýümli materialdan ýasalan “Assetto Fiorano” atly nusgasy hem bar.