25-nji iýunda ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden Ak tamda Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani we ýurduň Milli ýaraşyk boýunça ýokary geňeşiniň başlygy Abdulla Abdulla bilen duşuşdy. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklar we Owganystandaky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Jozef Baýden duşuşygyň başynda Owganystan bilen geljekde hem hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigini belledi. Aşraf Gani hem öz gezeginde owgan-amerikan gatnaşyklarynyň täze tapgyra gadam basýandygyny aýtdy.

Ak tamda geçirilen duşuşykdan soň ýaýradylan beýanatda ABŞ-nyň Owganystana lukmançylyk, ynsanperwerlik, ösüş we howpsuzlyk babatdaky kömeginiň dowam etdirilip, 3 million doza koronawirus sanjymynyň beriljekdigi bellenilýär. Mundan başga-da Jozef Baýdeniň Kongresden 2022-nji maliýe ýylynda Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri üçin 3,3 milliard dollar maliýe goldawynyň tassyklanmagyny isländigi bellenilýär.

Şeýle hem beýanatda Waşingtonyň ähli owgan taraplaryny adalatly we dowamly barlyşygy gazanmak maksady bilen ýaraşyk baradaky gepleşiklere mümkin boldugyça gatnaşmaga çagyryşyny dowam etdirjekdigi bellenilýär.