10-njy iýunda Mongoliýada geçirilen umumymilli saýlawlarda ýeňiş gazanan, häkimiýetdäki Mongol halk partiýasynyň ýolbaşçysy Uhnaagiýn Hurelsuh ýurduň Prezidenti wezipesine girişdi.

Saýlawçylaryň 776 müňüsi Hurelsuha, 235 müňe golaýy öňki deputat Dangaasurengiýn Enhbata, 67 müňüsi Demokratik partiýanyň ozalky başlygy Sodnomzunduýn Erdene ses beripdi. Saýlawa gatnaşyk 52,69 göterime barabar bolupdy. Saýlawlaryň dowamynda ýurduň çäginde saýlaw uçastoklarynyň 2 müňüsi döredildi. Konstitusiýa girizilen üýtgeşmelere laýyklykda, Mongoliýanyň ýaşaýjylary ýurduň Baştutanyny ilkinji gezek 6 ýyl möhlete saýladylar.

Uhnaagiýn Hurelsuh 1968-nji ýylda Ulan-Batorda dünýä indi. 1989-njy ýylda Harbu uniwersiteti tamamlady. Soňra bolsa, degişlilikde, Döwleti dolandyryş institutynda hem-de Monoliýanyň Milli uniwersitetinde ýokary bilim alýar.

Hurelsuh 2008-2012-nji ýyllarda Mongol halk partiýasynyň Baş sekretary wezipesinde zähmet çekýär. 2017-nji ýyldan başlap şol partiýa ýolbaşçylyk edýär. 2017–2021-nji ýyllar aralygynda ýurduň hökümet başlygy wezipesinde işleýär.