Häzirki wagtda ikinji tapgyryň oýunlary bilen dowam edýän Ýewropa çempionatynda belki-de ýaryşyň iň uly garaşylmadyk netijesi hasaba alyndy. Ilki Niderlandlaryň, soňra soňky çempion Portugaliýanyň utulmagynyň täsirinden çykylmanka, çempionlygyň birinji derejeli dalaşgäri, Dünýä Kubogynyň soňky eýesi Fransiýanyň çärýek finala-da ýetmän ýaryşdan çykmagy uly sarsgyn döretdi. Buharestde oýnalan Fransiýa-Şweýsariýa duşuşygynyň esasy wagty 3-3 deňlikde tamamlandy. Ilkinji bolup şweýsarlar Haris Seferowiçiň goly bilen 15-nji minutda hasaby açsalaram, 2-nji ýarymyň ilkinji 15 minutynda, has takygy 57-nji we 59-njy minutlarda Karim Benzema Fransiýany öňe saýlady. Benzemanyň bu gollaryndan öň 55-nji minutda şweýsariýaly Rikardo Rodriges penaltini dürs urup bilmedi. 75-nji minutda Pol Pogba owadan gol bilen aratapawudy 2-ä çykardy. Ýöne ruhdan düşmedik şweýsarlar ilki ýene-de 81-nji minutda Haris Seferowiç bilen az-owlak umytlandy. 90-njy minutda-da Mario Gawranowiçiň goly bilen hasaby deňledi. Goşmaça 30 minutda toparlar tagalla baryny etselerem hasaby üýtgetmek olara başartmady. Penalti urgularynda-da şweýsarlardan Gawranowiç, Şar, Akanži, Wargas, Mehmedi dagy dürs urmagy başardy. Fransuzlardan Pogba, Žiru, Turam, Kimpembe dagy dürs urdy. Ýöne soňky urguny ýerine ýetiren super ýyldyz Kilian Mbappeniň urgusyny welin, derwezeçi Sommer saklamagyň hötdesinden geldi. Şeýlelikde, Fransiýanyň ýygyndysy geçen gezekki finalda utulan ýaryşynda bu sapar çärýek finala-da ýetmän ýaryşdan çykdy. Şweýsarlar bolsa, 1954-nji ýyldaky Dünýä Kubogyndan soň, ýagny 67 ýyldan soň uly ýaryşda çärýek finala çykdy.