Braziliýada dowam edýän Kopa Amerika futbol bäsleşiginde “A” toparçadaky soňky oýunlarda Argentinanyň ýygyndysy Boliwiýany 4-1 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda 2 gol geçiren Lionel Messi 148-nji gezek milli ýygyndynyň köýnekçesini geýdi. Şeýlelikde, Messi Argentinanyň ýygyndysynda iň köp çykyş eden futbolçy bolup, ol bu ugurda rekordyň ozalky eýesi Hawier Maskeronadan öňe saýlandy. Messi şol 148 oýunda 77 gezek tapawutlandy.
Toparçadaky beýleki oýunda Urugwaý Kawaniniň penalti goly bilen Paragwaýdan 1-0 üstün çykdy.
Argentina çärýek finalda Ekwador bilen, Braziliýa Çili bilen, Peru Paragwaý bilen hem-de Urugwaý Kolumbiýa bilen duşuşar. Çärýek final oýunlary 3-4-nji iýulda oýnalar.