Çehiýa Respublikasynyň «Şkoda» awtoulag öndüriji kompaniýasy ulaglarynyň önümçiligini elektrik ulgamyna geçirýär. 2030-njy ýyla çenli kompaniýanyň ulaglarynyň 3 kysymy elektrikli bolar. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Tomas Şafer belläp geçdi. «Volkswagen» toparyna degişli bolan brend «Enyaq iV» we «Citigo» kysymly modellerini elektrik ulgamyna geçiripdi. Kompaniýa bu ugurdaky maýa goýumlaryny artdyryp, ýene-de 3 modeli elektrik ulgamyna geçirmegi meýilleşdirýär. Şeýle hem bu modelleriň bahasynyň hem amatly boljakdygy mälim edildi. Kompaniýa 2030-njy ýyla çenli awtoulag söwdalarynyň 50-70 göteriminiň elektrikli ulag bolmagy ugrunda tagalla etmegi meýilleşdirýär.
Nedir ATAÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.