Hy­taý­ly su­rat­keş ga­ryn­ja üçin mik­ro aýak­gap dö­re­dip, ýur­duň jem­gy­ýet­çi­lik me­dia to­run­da uly meş­hur­ly­ga eýe bol­dy. Hy­ta­ýyň He­beý we­la­ýa­ty­nyň ýa­şaý­jy­sy, 23 ýaş­ly Li Minsz­ýun şu ýy­lyň iýun aýyn­da ama­la aşyr­ýan tä­sin iş­le­ri bi­len hem­me­le­ri haý­ran gal­dyr­dy. Ol ga­la­myň gri­fe­lin­den ow­nuk heý­kel­jik­ler ýa­sa­ýar. Onuň soň­ky ýe­ri­ne ýe­ti­ren işi uzyn­ly­gy ba­ry-ýo­gy 1 mm-e deň bo­lan 3 jü­büt kin­di­wan­ja aýak­gap bol­dy. Su­rat­keş bu aýak­gap­la­ry sy­nag edip hem gö­rüp­dir. Mun­dan ozal bu su­rat­keş si­ňek­ler üçin tu­wul­ga, çy­byn­lar üçin ör­tük ýa­sap­dyr. Soň­ky 6 ýy­lyň do­wa­myn­da ol 100-den gow­rak aşa ow­nuk zat­la­ry ýa­sap haý­ran gal­dyr­ýar. Ol bu ow­nuk iş­le­rin­de ýö­ri­te en­jam­lar ýa-da mik­ros­kop ulan­man, ada­ty ga­lam­dan peý­da­lan­ýar.

Ýu­sup HAL­LY­ÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.