Mon­go­li­ýa­nyň al­tyn­jy Pre­zi­den­ti Uh­naa­giýn Hu­rel­suh Döw­let Hu­ra­ly­nyň (Par­la­ment) we­kil­le­ri­niň, Kons­ti­tu­si­ýa ka­zy­ýe­ti­niň, Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň we hö­kü­met ag­za­la­ry­nyň öňün­de ka­sam ka­bul et­di.
Ol sag eli­ni Kons­ti­tu­si­ýa go­ýup, «Mon­go­li­ýa­nyň ga­raş­syz­ly­gy­ny, özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­ny, er­kin­li­gi­ni we mil­li je­bis­li­gi­ni go­ra­ma­gy, Kons­ti­tu­si­ýa­ny ber­jaý et­me­gi we Pre­zi­dent hök­mün­dä­ki borç­la­ry­my dog­ru­çyl ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi wa­da ber­ýä­rin» diý­di we soň­ra Döw­let baý­da­gy­na baş eg­di.
Pre­zi­dent ýur­duň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ny ýaý­baň­lan­dyr­mak, Hy­taý we Rus­si­ýa bi­len äh­li ugur­lar­da dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek hem-de sport pu­da­gy­ny ös­dür­mek üçin tä­ze döw­re baş­la­ma­gy wa­da ber­di. Mun­dan baş­ga-da, tä­ze döw­let baş­tu­ta­ny «Mon­go­li­ýa ösen mil­li se­na­ga­ty bo­lan ýur­da öw­rü­ler» diý­di.
Al­ty ýyl­lyk möh­le­te il­kin­ji ge­zek saý­la­nýan Mon­go­li­ýa­nyň Pre­zi­den­ti­niň saý­law­la­ry­na ses ber­mek 9-njy iýun­da bo­lup, Mon­go­li­ýa­nyň Halk par­ti­ýa­sy­nyň da­laş­gä­ri Uh­naa­giýn Hu­rel­suh 67,8 gö­te­rim, ýag­ny, 823 326 ses al­dy. «Sag­çy adam – elek­to­rat» bi­le­le­şi­gi­niň da­laş­gä­ri, Par­la­men­tiň öň­ki we­ki­li Dan­gaa­su­ren­giýn Enk­bat 20,3 gö­te­rim, ýag­ny, 246 968 ra­ýa­tyň se­si­ne eýe bol­dy. De­mok­ra­tik par­ti­ýa­nyň da­laş­gä­ri Sod­nom­zun­duýn Er­de­ne ba­ry-ýo­gy 6 gö­te­rim, ýag­ny, 72 832 ra­ýa­tyň gol­da­wy­ny al­dy.
Ka­sam ka­bul ediş da­ba­ra­syn­dan soň Ulan-Ba­to­ryň esa­sy meý­dan­ça­syn­da tä­ze döw­let baş­tu­ta­ny­nyň hor­ma­ty­na Mon­go­li­ýa­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň da­ba­ra­ly ýö­ri­şi ge­çi­ril­di. Ka­sam ka­bul ediş da­ba­ra­sy­na öň­ki döw­let baş­tu­tan­la­ry, şeý­le hem Par­la­ment we hö­kü­met ag­za­la­ry, Kons­ti­tu­si­ýa ka­zy­ýe­ti­niň, Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň ýol­baş­çy­la­ry, Mon­go­li­ýa­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Bu ýyl­ky saý­law­lar ýur­duň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na gi­ri­zi­len üýt­get­me­ler­den bä­ri ge­çi­ri­len il­kin­ji saý­law­lar bo­lup, oňa la­ýyk­lyk­da, döw­let baş­tu­ta­ny gaý­ta­dan saý­lan­ma­ga hu­ku­gy bol­maz­dan bu we­zi­pä­ni al­ty ýyl­lap sak­lap bi­ler.
Uh­naa­giýn Hu­rel­suh 1968-nji ýyl­da Ulan Ba­tor­da dün­ýä in­di. 1989-njy ýyl­da Mon­go­li­ýa­nyň Har­by uni­wer­si­te­ti­ni (hä­zir­ki Mon­go­li­ýa­nyň Go­ran­mak uni­wer­si­te­ti) gu­tar­dy. Döw­let ad­mi­nist­ra­si­ýa­sy we ýol­baş­çy­lyk ins­ti­tu­tyn­da, Mon­go­li­ýa­nyň mil­li uni­wer­si­te­tin­de döw­let do­lan­dy­ry­şy ugur­la­ryn­dan ýo­ka­ry bi­lim alyp, de­giş­li­lik­de, bu okuw mek­dep­le­ri­ni 1994-nji we 2000-nji ýyl­lar­da ta­mam­la­dy. 2017-nji ýy­lyň 21-nji no­ýab­ryn­dan bä­ri Mon­gol Halk Par­ti­ýa­sy­nyň Mer­ke­zi Ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy, 2017-nji ýy­lyň okt­ýabr aýyn­dan 2021-nji ýy­lyň 21-nji ýan­wa­ry ara­ly­gyn­da Mon­go­li­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri bo­lup iş­le­di. «Mon­go­li­ýa – öz baý­ly­gy­nyň eýe­si» at­ly şy­gar Hu­rel­su­hyň saý­law kam­pa­ni­ýa­sy­nyň şy­ga­ry bol­dy. Uh­naa­giýn Hu­rel­suh maş­ga­la­ly, iki gy­zy bar. Aýa­ly ça­ga­lar ba­gyn­da ter­bi­ýe­çi, uly gy­zy uni­wer­si­tet­de mu­gal­lym bo­lup iş­le­ýär.