Dünýäniň iň uly telekommunikasiýa çäreleriniň biri bolan «Mobile World Congress» (MWC) 28-nji iýundan 1-nji iýul aralygynda Barselonada geçirildi. Adatça, «Huawei», «Sony», «Xiaomi», «Samsung» we beýleki öňdebaryjy kompaniýalaryň täze önümlerini hödürleýän ýyllyk maslahaty we sergisi dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli geçen ýyl ýatyrylypdy. Bu maslahat we sergi ilkinji gezek adaty hem-de onlaýn görnüşlerde guraldy. Bu halkara çäresi 2019-njy ýylda 100 müňden gowrak myhmany kabul eden bolsa, bu ýyl 35 müň myhmany kabul etdi.
Maslahaty guraýjy GSMA birleşigi Ispaniýanyň hökümeti bilen şertnama baglaşyp, oňa laýyklykda, ýurt syýahatçylar we Ýewropa Bileleşigine girmeýän raýatlar üçin ýapyklygyna galsa-da, hasaba alnan gatnaşyjylar üçin kadadan çykmalar boldy. Muňa garamazdan, käbir kompaniýalar MWC-e fiziki taýdan gatnaşmajakdyklaryny habar berdiler: olaryň arasynda «Google», «Facebook», «Xiaomi», «Sony», «Nokia» we «Ericsson» bar.
Maslahatyň esasy mowzugy, emeli aň, 5G, uly maglumatlar we zatlaryň interneti boldy. Çäräniň esasy hünärmenleriniň biri «SpaceX» we «Tesla»-nyň baştutany Ilon Mask bolup, wideo konferensiýa arkaly maslahatda çykyş etdi we häzirki wagtda internetiň ýok sebitlerini ýokary tizlikli internet bilen üpjün etmek üçin döredilen köp sanly «Starlink» taslamasy barada gürrüň berdi. Şeýle hem, IBM», «Verizon», «Orange», ZTE, «China Mobile» we «Revolut» ýaly tehnologiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlary boldy.