Ar­heo­log­lar gü­nor­ta-gün­do­gar Tür­ki­ýä­niň dag­la­ryn­dan 2800 ýyl mun­dan ozal­ky Urar­tu döw­le­ti­niň döw­rün­de gur­lan ga­dy­my ga­la­ny ýü­ze çy­kar­dy­lar. Urar­tu döw­le­ti mi­la­dy­dan öň­ki IX–VI asyr­lar­da er­me­ni dag­lyk­la­ry­nyň çä­gin­de ýer­le­şip, si­wi­li­za­si­ýa­nyň ösü­şin­e uly go­şant go­şup­dyr. Ar­heo­log­lar mun­dan ozal ga­dy­my döw­le­tiň çäk­le­rin­de uly daş­lar­dan gur­lan ga­dy­my ga­la­la­ryň bar­dy­gy­ny su­but edip­di­ler. Şu gün­ki gün­de bu si­wi­li­za­si­ýa­nyň iň meş­hur ber­kit­me­le­rin­den bi­ri mi­la­dy­dan öň IX–VII asyr­lar­da gur­lan Wan ga­la­sy bo­lup, onuň di­war­la­ry­nyň uzyn­ly­gy iki ki­lo­met­re ýet­ýär.
Bu ga­dy­my ga­la Wan Ýü­zün­ji ýyl uni­wer­si­te­ti­niň iş­gä­ri Ra­fet Ça­wu­sog­lu­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky ar­heo­log­lar to­pa­ry ta­ra­pyn­dan Wan we­la­ýa­ty­nyň Gür­py­nar se­bi­tin­dä­ki 2500 metr be­lent­lik­dä­ki dag­lar­dan ta­pyl­dy. Ar­heo­log­la­ryň aýt­ma­gy­na gö­rä, ta­py­lan ga­la mi­la­dy­dan öň­ 1-nji müň­ýyl­ly­gyň ba­şyn­da gur­lup­dyr we Or­ta asyr­lar­da hem iş­jeň ula­nyl­ma­gy­ny do­wam et­di­rip­dir. Bar­lag ge­çi­ri­ji­ler ga­la­nyň içi­ni 6,5 metr çuň­luk­da ga­zan­la­ryn­da on­dan ke­ra­mi­ka bö­lek­le­ri­ni tap­dy­lar. Alym­la­ryň aýtmagyna görä, ga­dy­my bi­na­gär­ler ga­la­nyň gur­lu­şy­gyn­da hek we çä­ge ula­nyp­dyr­lar. Ýer­li hä­ki­mi­ýet­le­riň pi­ki­ri­çe, bu ta­pyn­dy di­ňe bir yl­my äh­mi­ýe­te eýe bol­man, eý­sem, sy­ýa­hat­çy­lyk we me­de­ni­ýet nuk­daý­na­za­ryn­dan hem mö­hüm­dir.