Hy­ta­ýyň iň uly ne­bit we gaz ön­dü­ri­ji­si bo­lan «Pet­roChi­na» kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň Ta­rim şa­ham­ça­sy­nyň we­kil­le­ri 1 mil­liard ton­na go­ry bo­lan tä­ze ne­bit­-gaz ýa­ta­gy­nyň ta­py­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň we­kil­le­ri tä­ze ýa­ta­gyň soň­ky 10 ýyl­da açy­lan Ta­rim bas­seý­nin­dä­ki iň uly ne­bit ýa­ta­gy­dy­gy­ny bel­le­di­ler. Sinsz­ýan-Uý­gur aw­to­nom se­bi­ti­niň Ta­rim düz­lü­gin­de ýer­leş­ýän bu ýa­tak Hy­taý­da­ky iň uly ne­bit we gaz kä­ni­dir, şeý­le-de ýe­rüs­ti gur­şa­wy we kyn ýe­ras­ty şert­le­ri se­bäp­li göz­leg iş­le­ri­ni ge­çir­mek­de iň kyn ýer­le­riň bi­ri­dir. Kom­pa­ni­ýa­nyň baş di­rek­to­ry Hang Sýue­wen­ýa­nyň aýt­ma­gy­na gö­rä, soň­ky al­ty ýyl­da tä­ze ýü­ze çy­ka­ry­lan äti­ýaç­lyk­la­ryň jem­le­nen ýa­ta­gyn­da ýyl­lyk çig ne­bit önüm­çi­li­gi 2020-nji ýyl­da 30 müň ton­na­dan 1,52 mil­li­on ton­na ýe­tdi. Şu ýyl onuň 2 mil­li­on ton­na ýet­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.
Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Hy­taý 1993-nji ýyl­dan bä­ri dün­ýä­de iň köp ne­bit we gaz im­port ed­ýän ýurt­la­ryň bi­ri bo­lup, hä­zir­ki wagt­da ne­bi­te bo­lan ze­rur­ly­gy­nyň 60 gö­te­ri­mi­ni da­şa­rky ba­zar­dan üp­jün ed­ýär.