Türkiýede tebigy gazy gaýtadan işlemek üçin niýetlenen ilkinji gämi ulanmaga berildi. «Botaş» kompaniýasynyň eýeçiligindäki «Ertugrul Gazi» gämisi günde 28 million kub metre çenli tebigy gazy suwuk görnüşden gaz görnüşine geçirmäge ukyplydyr. Kuwwatlylygy ýokary bolan bu gämi Türkiýäniň tebigy gaz zerurlygynyň 10 göterimden gowragyny üpjün edip biler. Onuň esasan hem, gyş aýlarynda sarp ediş mukdary has ýokarlananda ýurduň gaza bolan zerurlygy üpjün etjekdigi habar berilýär.
Mundan başga-da, Türkiýäniň 2023-nji ýyldan başlap, Gara deňziň kenarlaryndaky gazyny ulanyp, ýangyç importuna garaşlylykdan daşlaşjakdygy habar berilýär.
Iýun aýynyň başynda, Türkiýäniň Energetika we tebigy baýlyklar ministri Fatih Dönmez häzirki wagtda Gara deňizdäki gaz gorlarynyň ýurduň içerki zerurlyklaryny 25 ýyl kanagatlandyrmak üçin ýeterlik boljakdygyny aýtdy. Mundan ozal ýurduň hökümeti Gara deňizden 135 milliard kub metr göwrümli täze gaz ýatagynyň tapylandygyny mälim edipdi. Tebigy gaz terminaly, tebigy gazy suwuk görnüşden gaz görnüşine geçirip, gaz kabul ediji torlara geçirmäge ukyplydyr.