Günlerde bir gün tilki derýanyň gyrasynda gezmeläp ýörkä leňňeje duşupdyr. Ýyndamlygy bilen öwünmek islän tilki oňa:
– Leňňeç, gel, ikimiz ýaryşaly – diýip, teklip edipdir. Onuň bu teklibini makullan leňňeç:
– Ýeri bolýar, ýaryşsak ýaryşaýaly – diýip jogap beripdir.
Ýaryş başlap, tilki öňe okdurylan badyna ugurtapyjy leňňeç derrew tilkiniň guýrugyndan ýapyşyp ýetişipdir. Tilki bellenen ýere çenli güýjünde baryny edip ylgapdyr, leňňeç bolsa tilkiniň guýrugyndan berk ýapyşyp gidiberipdir. Pellehana ilkinji bolup gelendirin öýden tilki öz ýanyndan monça bolup, yzda galdyran garşydaşyny görmek üçin öwrülende, leňňeç onuň guýrugyndan böküp düşüpdir-de, göwni bir ýaly şeýle diýipdir:
– A-how, tilki, ahyr geldiňmi? Meniň bu ýerde häliden bäri saňa garaşyp durşum.
Bu zatlaryň neneň beýle bolanyna düşünip bilmedik tilki öz öwünmek isleginiň paşmandygyna lapykeç bolupdyr.
Terjime eden Ogulnäzik ATAÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň talyby.