Sözüň güýji. Türkmen hal­ky­nyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy bi­len bag­ly dö­re­di­len bu na­kyl­da ylym-bilim al­mak, ýag­ny oka­mak ha­kyn­da söz açyl­ýar. Söz ada­ma tä­sir edi­ji, dür­li ta­ra­pa ug­ruk­dy­ryjy uly güýç­dür.
Güýç bi­len he­re­ket edil­se-de, söz bi­len onuň öňü­ni alyp, pa­ra­hat­çy­ly­gy sak­lap bol­ýar. Ta­ryh­dan bil­şi­miz ýa­ly, gap­ma-gar­şy­lyk­lar ýü­ze çy­kan­da il­çi ug­rat­mak ar­ka­ly gür­rüň­deş­lik esa­syn­da ara­lyk bir ýag­da­ýa gel­mek üçin tö­wel­la edil­ýär, öza­ra gür­rüň­deş­lik­ler asu­da­lyk­da çö­zül­ýär.
Na­kyl­da güý­je gö­rä aky­ly has iş­jeň ulan­ma­ly­dy­gy, her bir ýag­daý­dan sa­da söz­lü­lik bi­len baş alyp çyk­ma­ly­dy­gy, köp oka­ma­ly­dy­gy, güýç, ga­har-ga­zap bi­len gar­şy­ňa çy­kan ada­my, my­la­ýym­lyk, süý­ji söz­lü­lik bi­len ýum­şa­dyp, da­wa-jen­je­liň öňü­ni alyp bol­ýan­dy­gy be­ýan edil­ýär. Na­ky­la ma­ny­daş se­tir­le­re ser sa­la­lyň:

Ga­lam gy­lyç­dan ýi­ti­dir.
Galamyň ýazanyny gylyç bozup bilmez.
Bilegi zor birini ýykar, bilimi zor – müňüni.