Ýewropa çempionatynda ilkinji ýarym finalçy Ispaniýa boldy. Olar bu ugurda çärýek finalda Şweýsariýadan penaltileriň netijesinde üstün çykmagy başardy. Esasy wagty 1-1 deňlikde gutaran oýny şweýsarlar bir oýunçy kem tamamladylar. Oýnuň 8-nji minutynda ispanlar Žordi Albanyň urgusyndan soň Zakarianyň aýagyna degip derwezä giren gol bilen öňe saýlandylar. Şweýsarlar bu gola 68-nji minutda goragçylaryň ýalňyşlygyndan peýdalanan Herdan Şakiri bilen jogap berdiler. Ýöne 77-nji minutda emin Maýkl Oliweriň şweýsariýaly Remo Froýlere gyzyl kart görkezmeginden soň, oýnuň depgini düýpgöter üýtgedi. Oýnuň galan wagty we goşmaça wagty şweýsarlaryň ýarym meýdanynda geçdi. Ýöne ispanlara şweýsar derwezeçisi Ýan Sommeri geçmek başartmady. Netijede, penalti urgulary urlup, ispanlar Busketsiň şowsuz urgusy bilen başlasalaram, soňlugy bilen şweýsarlar diňe 1 urguny takyk urmagy başardy. Netijede, penaltilerde 3-1 öňe saýlanan ispanlar ýarym finala çykyp, dowam edýän şweýsar düýşüni soňlandyrdylar. Şeýlelikde, ispanlar 5-nji gezek ýarym finala çykdylar. Olar şolaryň 3-sinde çempion bolupdylar. Şeýle-de, Ispaniýa 3-nji gezek çärýek finalda penalti urgularyny urgup, 2-nji gezek ýeňiş gazandy.