Mundan 24 gün ozal badalga alan 16-njy Ýewropa çempionatynyň tamamlanmagyna 3 duşuşyk galdy. Şu gün ýarym finalyň ilkinji oýny oýnalar. Londondaky Wembley stadionynda oýnaljak bu ýarym finalda Italiýa bilen Ispaniýanyň ýygyndylary duşuşarlar. Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanjak oýna germaniýaly Felik Bryh eminlik eder.

Iki topar mundan öň Ýewropa çempionatlarynda 6 gezek gabatlaşdylar. 1980-nji ýylda toparça 0-0, 1988-nji ýylda ýene-de toparçada Italiýa 1-0, 2008-nji ýylda çärýek finalda ispanlar penaltilerden soň ýeňipdi (0-0, 4-2 p). 2012 Ýewropa çempionatynda 2 gezek duşuşan ýygyndylaryň toparçadaky oýunlary 1-1 deňme-deň tamamlanypdy. Finalda Ispaniýa 4-0 hasabynda ýeňipdi. 2016-njy ýylda bolsa Italiýanyň ýygyndysy 1/8 finalda güýçli garşydaşyny 2-0 hasabynda ýeňipdi.

Soňky 13 oýunda Italiýa Ispaniýany diňe 2 gezek ýeňmegi başardy. Iki topar ähli oýunlary-da hasaba alanyňda, mundan öň 33 gezek duşuşdy. Şolarda Ispaniýa 12, Italiýa 9 gezek ýeňiş gazandy. 12 oýun hem deňlikde tamamlandy. Gollarda 36-34 ispanlar öňde.

Italiýanyň ýygyndysy ýarym finala çenli ähli duşuşygynda ýeňiş gazanyp geldi: “A” toparçada Türkiýäni 3-0, Şweýsariýany 3-0, Uelsi 1-0, 1/8 finalda goşmaça wagtda Awstriýany 2-1, çärýek finalda Belgiýany 2-1 hasaplar bilen ýeňdi. Ispaniýanyň ýygyndysy “E” toparçada 2 deňlikden soň (Şwesiýa bilen 0-0, Polşa bilen 1-1) Slowakiýany 5-0 utdy. 1/8 finalda- horwatlary goşmaça wagtda 5-3 ýeňen matadorlar çärýek finalda şweýsarlary penaltilerden soň ýeňlişe sezewar etdi (1-1, 3-1 p).

Italiýanyň ýygyndysy Mançininiň tälimçiliginde 35 oýunda diňe 2 gezek ýeňildi. 7 oýunda deňlik boldy. Ispanlar Enrikeniň tälimçiliginde 23 oýunda 3 gezek utulyp, 8 gezek hem deňme-deň oýnadylar.

Italiýanyň ýygyndysy mundan öň 1968-nji ýylda kubogy eýeläp, ondan bäri 2 gezek finalda (2000, 2012) ýeňildi. Ispanlar bolsa 1964-nji, 2008-nji we 2012-nji ýyllarda kubogy asmana göterip, 1984-nji ýylda-da finalda fransuzlardan asgyn gelipdi.