Soňky iki müňýyllygyň dowamynda 2012-nji ýylyň iň yssy ýyly bolandygy mälim edildi. Halkara gözlegçiler topary temperaturanyň ýokarlanmagyny global ýylylyk we atmosferadaky ýyladyşhana gazlarynyň mukdarynyň üýtgemegi bilen baglanyşdyrýar. Temperaturanyň peselmegine bolsa uly wulkanlaryň atylmagy täsir edýär.
Alymlar rekord temperatura barada maglumatlary kesgitlemek üçin Kolorado, Kwebek, Demirgazyk Skandinawiýa, Finlýandiýa, Alp daglarynyň Awstriýadaky bölekleri, Ýamal we Taýmyr ýarym adalary, Altaý we Ýakutiýany günorta platosynyň ösümliklerini seljerdiler. Hünärmenler köp ýaşan agaçlary ölçemek bilen iň yssy ýyly kesgitländiklerini mälim etdiler.