Şu gije Ýewropa çempionatynyň Italiýadan soň 2-nji finalçysy hem belli bolar. Wembley-de oýnaljak ýarym finalda ýerli Angliýa bilen Daniýanyň ýygyndylary duşuşarlar. Ýarygijede (00:00) başlanjak oýna Niderlandlardan Danni Makkelie eminlik eder. Çempionatyň 50-nji duşuşygy boljak oýna janköýerleriň 70 müňe golaýynyň tomaşa etmegine garaşylýar.

Bu oýun iki toparyň arasyndaky 22-nji duşuşyk bolar. Mundan öňki 21 oýunda iňlisler 12, danlar 4 gezek ýeňdi. 5 oýunda deňlikde höküm sürdi. Gollarda 36-20 iňlisler öňde. Iki toparyň arasyndaky soňky duşuşyk Wembley-de oýnalyp, Milletler Ligasynyň çägindäki bu oýunda Daniýa 1-0 hasabynda ýeňipdi. Iki topar Ýewropa çempionatlarynda ozal bir gezek gabatlaşdylar. Daniýanyň çempion bolan ýylyndaky (1992) şol duşuşyk golsuz tamamlanypdy.