Germaniýanyň “Volkswagen” kompaniýasynyň lýuks awtomobil klasyna degişli bolan “Bugatti” brendini satjakdygy mälim edildi. Bu barada Angliýanyň “Financial Times” neşiri habar berýär. Habara görä, “Bugatti” Horwatiýanyň “Rimac Automobili” kompaniýasyna satylar. Gazet “Rimac”-yň “Volkswagen” bilen bilelikde dörediljek “Bugatti-Rimac”-yň 55 göterim paýnamasyna eýe boljakdygyny we galan böleginiň “Volkswagen”-iň “Porsche” şereketine degişli boljakdygyny habar berdi.
“Rimac”-yň ýolbaşçysy Meýt Rimak “Rimac we Bugatti netijeleri babatda ajaýyp jübüt. Ýaş, çalasyn we çakgan awtoulag we tehnologiýa şereketi hökmünde elektroulag tehnologiýalarynda özümizi öňdebaryjy orunda görýäris. Nevera atly ulagymyzda diňe giperulaglar öndürmeýändigimizi, ýüwrük bolmagy bilen bir hatarda ýokary hilli ulag öndürýändigimizi görkezdik. Bugattiniň hem adatdan daşary mirasy bar” – diýdi.
Kompaniýanyň kuwwaty 1 müň 914 at güýjüne barabar bolan “Nevera” atly superulagy 0-dan 100 km/sagada 1,85 sekuntda ýetip, hemmäni haýrana goýupdy. “Nevera”-nyň mundan ozal “Bugatti Chiron”-a degişli bolan iň ýüwrük sport awtomobili rekordyny täzelemegine garaşylýar.
“Bugatti-Rimac”-a Meýt Rimak ýolbaşçylyk eder. Şereketiň merkezi edarasy Horwatiýanyň paýtagty Zagrebde ýerleşer. Emma “Bugatti”-niň önümçiligi Fransiýanyň Molsem şäherinde dowam eder.