Malaýziýa edebiýatynyň esasy dilleri – malaý, iňlis we hytaý dilleridir. Malaý nusgawy edebi eserleriniň köp böleginiň awtorlary näbelli. Bu ýurduň edebiýatyna hindi şadessanlary “Ramaýana” we “Mahabharata”, şeýle hem arap-pars edebiýaty uly täsirini ýetiripdir. Halk döredijiligi dürli ugurlary öz içine alyp, esasan, halk aýdymlaryndan, şorta sözlerden, nakyllardan, matallardan, atalar sözünden we beýlekilerden ybaratdyr. Malaý ýazuwynyň gadymy ýadygärlikleri VII asyra degişlidir. Has dogrusy, malaý edebiýatynyň ähli eserleriniň nusgalary diýen ýaly yslam aralaşandan soňra, arap grafikasynda ýazylan.
XIII – XVI asyrlarda malaý edebiýaty esasan, Sumatradaky Paseb knýazlygynda, XV asyrdan Malak soltanlygynda, 1511-nji ýyldan Johor soltanlygynda, XIX asyrdan Malak bogazyndaky Piau adajyklaryndaky Penengat soltanlygynda uly ösüş ýoluny geçýär. Malak soltanlarynyň edebi däpleri esasan, söz ussatlarynyň öz döwrüniň möhüm wakalaryny bütin aýdyňlygy bilen beýan etmegi bilen tapawutlanýar. Şol döwürden galan iň esasy eserleriň biri hem “Malaý urug taryhy” atly eser bolup, ol Malak soltanlygy döwründe ýazylypdyr. Bu eserde Malak soltanynyň döwri, goňşy soltanlyklar bilen aragatnaşygy, yslamyň sebite aralaşmagy, diplomatik aragatnaşyklar we beýlekiler barada gürrüň berilýär. “Hang Tuahyň hekaýaty” hem şol döwürleriň belli eserleriniň biri hasaplanýar.
Malaýziýanyň ýazuw edebiýatynda “Sejerah” – şejere žanry giňden ýaýrap, bu žanrda ençeme eserler ýazylypdyr. Abdullah bin Abdul Kadir Munşi (1796-1854), häzirki zaman malaý edebiýatynyň kerwenbaşysy hasaplanýar. Ol birgiden eserleriň awtorydyr. 1920-1930-njy ýyllar aralygynda Abdul Samad Ahmediň, Abdulla Sidikiň, Mansur Abdul Kadiriň, Ishak Haji Muhammediň eserleri uly meşhurlyga eýe bolýar. Ikinji jahan urşundan soňra, Abdullah Gani Ishakyň “Ýaş gahryman”, Harun Eminurraşaşidiň “Meniň Fatimam” Hamdamyň “Zubaýdyň goşuny” atly watançylyk eserleri has öňe saýlanýar.
XX asyryň ikinji ýarymynda Abdulla Gani Ishak, Hamdam, Ahmed Lutfi, Kris Mas, S.I. Nur, M. Gazali, A. Samad Said, Abdulla Huseýn, Şahnon Ahmed, Kemala, Nurdin Hasan we beýlekiler malaý dilinde dürli eserleri döredip, halkyň söýgüsini gazanypdyrlar. Hytaý awtorlarynyň içinde, esasan, Lin Santýan, Wan Gekun, U Týan, Weý Ýun, Mýao Sýu we Huan Ýaý, tamil ýazyjylaryň arasynda bolsa, M.S. Maýýadewan, M. Iramaýýa, K. Perumal we M. Ulaganadan dagy has-da adygypdyrlar. Wan Genu, E. Tambu we Won Fuýnam we beýlekiler iňlis dilinde ýazypdyrlar.
2009-njy ýylda Malaýziýanyň Malakka şäherinde edebi eserleriň muzeýi açyldy. Bu muzeýde ýurduň ýazuw ýadygärlikleriniň ägirt uly gaznasy saklanýar. Malaýziýada malaý, iňlis, hytaý, penjap we tamil dillerinde gazet-žurnallar neşir edilýär.