6-njy iýul­da se­bi­tiň ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň bar­şy bi­len ta­nyş­mak mak­sa­dy bi­len döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ga­ra­bo­gaz aý­la­gy­nyň üs­tün­den çe­ki­len, aý­la­gy Ha­zar deň­zi bi­len bir­leş­dir­ýän aw­to­mo­bil köp­rü­si­ne gel­di.
Ýur­du­my­zyň üs­ta­şyr ulag müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ne­ti­je­li ulan­mak hem-de bu ul­gam­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ru­dyr. Türk­me­nis­tan Ýew­ro­pa­nyň we Azi­ýa­nyň çat­ry­gyn­da amat­ly ýer­leş­mek bi­len, se­bi­tiň we tu­tuş yk­ly­myň äh­li döw­let­le­ri­niň bäh­bi­di­ne özü­niň üs­ta­şyr ulag kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ulag des­ga­sy­nyň ýag­da­ýy hem-de aý­la­gyň şa­ha­sy bi­len tan­şyp, de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra tä­ze köp­ri­ni gur­mak hem-de oňa bar­ýan ýo­luň dur­ku­ny tä­ze­le­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra bäs­le­şi­gi yg­lan et­me­gi tab­şyr­dy. Bu ýol hä­zir­ki döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­me­li­dir.
Ga­ra­bo­gaz aý­la­gy­nyň hi­mi­ýa se­na­ga­tyn­da ula­nyl­ýan te­bi­gy se­riş­de­le­re baý­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Bu ýer­de te­bi­gy şert­ler­de nat­riý sul­fa­ty­nyň we beý­le­ki gym­mat­ly duz mi­ne­ral­la­ry­nyň se­na­gat möç­be­rin­de kris­tal­laş­ma­gy bo­lup geç­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu me­se­le ba­ra­da du­rup ge­çip, aý­la­gyň hi­mi­ki gor­la­ry­ny we te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny yl­my taý­dan düýp­li öw­ren­me­giň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çek­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, milli Liderimiz ýur­du­my­zyň yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry­nyň alym­la­ry­nyň bu ul­gam­da iş­le­ýän hü­när­men­ler bi­len bi­le­lik­de ze­rur iş­le­ri ge­çir­me­li­di­gi­ni bel­le­di we bir­nä­çe gör­kez­me­le­ri ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň we ýur­du­my­zyň beý­le­ki kün­jek­le­ri­niň mi­ne­ral hem-de çig mal se­riş­de­le­ri­ni se­na­gat taý­dan iş­jeň öz­leş­dir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny aý­dyp, «Ga­ra­bo­gaz­kar­ba­mid» kär­ha­na­sy­nyň gu­rul­ma­gy­nyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi se­na­gat­laş­dyr­ma­gyň, di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­me­giň ýo­lun­da mö­hüm ädim, gaz­hi­mi­ýa pu­da­gy­ny ös­dür­mek­de wa­jyp tap­gyr bo­lan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Baý ug­le­wo­do­rod mi­ne­ral se­riş­de­le­ri­niň ne­ti­je­li ula­nyl­ma­gy, pu­da­ga öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň hem-de yl­myň ga­za­nan­la­ry­nyň iş­jeň or­naş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de al­nan gaz­hi­mi­ýa önüm­le­ri­niň da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak gel­jek üçin esa­sy we­zi­pe­ler­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sö­zü­ni do­wam et­di.
Ga­ra­bo­gaz aý­la­gy­nyň üs­tün­den tä­ze köp­ri­niň hem-de oňa bar­ýan ýo­luň dur­ku­nyň tä­ze­len­me­gi ýur­du­my­zyň ýol ul­ga­my­nyň ge­çi­ri­ji­lik uky­by­ny, lo­gis­tik hyz­mat­la­ryň hi­li­ni ep-es­li ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, hal­ka­ra üs­ta­şyr ulag dü­zü­mi­ni gi­ňelt­mä­ge hem-de goň­şy döw­let­ler bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry has-da pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam eder. Köp­rä bar­ýan ýol ýo­ka­ry tiz­lik­li Aş­ga­bat-Türk­men­ba­şy aw­to­mo­bil ýo­lu­na bi­ri­ger. Bu köp­ri Türk­me­nis­tan-Ga­za­gys­tan hal­ka­ra ulag ug­ru­nyň mö­hüm in­že­ner­çi­lik des­ga­sy­na öw­rü­ler.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­niň hem-de in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ula­nyl­ma­gy­nyň bu tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de mö­hüm ta­lap bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Ýur­du­my­zyň dün­ýä­niň ulag ul­ga­my­na yzy­gi­der­li go­şul­ma­gy, «Gün­do­gar-Gün­ba­tar» hem-de «De­mir­ga­zyk-Gü­nor­ta» ugur­la­ry bo­ýun­ça ýol­la­ryň bir­leş­di­ril­me­gi, de­giş­li dü­züm­le­riň işi­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi bo­ýun­ça we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi­ne aý­ra­tyn üns ber­mek mö­hüm­dir di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy.

Je­bel şä­her­çe­si­niň go­la­ýyn­da
Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li gur­lar
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şeý­le hem bu kün­je­giň te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny, şol san­da mel­hem­lik mi­ne­ral çeş­me­le­ri­ni re­je­li ulan­mak me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge hem-de se­bit­de sy­ýa­hat­çy­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge yl­my taý­dan çe­me­leş­me­gi tab­şyr­dy. Mu­nuň özi ra­ýat­la­ry­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne ýur­du­my­zyň se­na­gat, üs­ta­şyr ulag we sy­ýa­hat­çy­lyk kuw­wa­tyn­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga ýar­dam be­rer di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy we de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Mil­li Li­de­ri­miz da­şa­ry döw­let­ler bi­len hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mek­de mö­hüm orun eýe­le­ýän Bal­kan we­la­ýa­tyn­da üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­si­niň ge­çi­ri­ji­lik uky­by­nyň yzy­gi­der­li art­dy­ryl­ýan­dy­gy­ny bel­läp, de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra Je­bel şä­her­çe­si­niň go­la­ýyn­da­ky Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň gur­lu­şy­gy­nyň tas­la­ma­sy­ny çalt iş­läp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça anyk gör­kez­me­le­ri ber­di. Mil­li bi­na­gär­li­giň däp­le­ri­niň hem-de dün­ýä­niň bu ul­gam­da ga­za­nan tej­ri­be­si­niň ut­gaş­dy­ryl­ma­gy, iş­le­riň ýo­ka­ry hi­li­niň, bu ýer­le­riň eko­lo­gi­ýa­sy­nyň na­za­ra alyn­ma­gy gur­lu­şyk iş­le­ri­ne bil­di­ril­ýän esa­sy ta­lap­lar­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz nyg­ta­dy we öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri çöz­mek­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw edip, bu ýer­den ug­ra­dy.
Hal­ka­ra de­ňiz men­zi­li – se­bi­tiň
esa­sy ulag-lo­gis­tik mer­ke­zi
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­men­ba­şy­nyň Hal­ka­ra de­ňiz men­zi­li­ne gel­di we men­zi­liň işi bi­len ta­nyş­dy. «Türk­men­de­ňiz­der­ýa­ýol­la­ry» agent­li­gi­niň ýol­baş­çy­sy Hal­ka­ra de­ňiz men­zi­lin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Mil­li Li­de­ri­miz se­bi­tiň esa­sy üs­ta­şyr ulag mer­ke­zi­ne öw­rü­len men­zi­liň işi­ne dün­ýä tej­ri­be­si­niň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry­ny we in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak hem-de top­lu­myň iş­gär­le­ri­niň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ba­bat­da bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Türk­men­ba­şy­nyň Hal­ka­ra de­ňiz men­zi­li­niň do­ly güý­jün­de iş­le­me­gi­ni üp­jün et­mek me­se­le­le­ri­ne üns ber­mek ze­rur­dyr di­ýip, hormatly Prezidentimiz sö­zü­ni do­wam et­di we öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri çöz­me­giň, işe hem­me­ta­rap­la­ýyn çe­me­leş­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny nyg­ta­dy, bu ba­bat­da bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz elekt­ro­mo­bil­de Hal­ka­ra de­ňiz men­zi­li­niň çäk­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri syn­la­dy. Özü­niň üs­ta­şyr ýük ge­çi­ri­ji­li­gi hem-de döw­re­bap de­re­je­de en­jam­laş­dy­ry­ly­şy ba­bat­da bir­nä­çe hal­ka­ra gü­wä­na­ma­la­ry­na my­na­syp bo­lan bu top­lum Türk­me­nis­ta­nyň yk­ly­ma­ra ulag-lo­gis­tik mer­ke­zi hök­mün­dä­ki de­re­je­si­ni pug­ta­lan­dyr­dy.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň dür­li mak­sat­ly des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­nyň dep­gi­ni bi­len ta­nyş­dy.

400 orun­lyk kö­pu­gur­ly
has­sa­ha­na gu­rul­ýar
Ýo­lug­ra mil­li Li­de­ri­miz hä­zir­ki wagt­da Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de 400 orun­lyk kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­nyň gur­lu­şy­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy bi­len ta­nyş­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, adam­la­ryň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek, jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni pug­ta­lan­dyr­mak me­se­le­le­ri döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň he­mi­şe­lik üns mer­ke­zin­de sak­lan­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň iň kä­mil luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len luk­man­çy­lyk mer­kez­le­ri gur­lup ulan­ma­ga be­ril­di, ugur­daş des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy do­wam ed­ýär. Şol bir wag­tyň özün­de «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da döw­re­bap şy­pa­ha­na dü­zü­mi­niň ös­dü­ril­me­gi­ne, hä­zir­ki za­man sa­gal­dyş mer­kez­le­ri­niň gur­lu­şy­gy­na mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Ha­za­ryň ke­na­ryn­da gu­rul­ýan, ýe­di gat­dan yba­rat bo­lan kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na bu ýer­dä­ki luk­man­çy­lyk mer­kez­le­ri­niň üs­tü­ni ýe­ti­rer. Bu ýer­de dür­li ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, ola­ry anyk­la­mak we be­jer­mek iş­le­ri ýo­ka­ry de­re­je­de ýo­la goý­lar.
Tä­ze gu­rul­ýan has­sa­ha­na­nyň bi­rin­ji ga­tyn­da ka­bul ediş, «Tiz kö­mek» bö­lüm­le­ri, fi­zio­te­ra­pi­ýa, sto­ma­to­lo­gi­ýa, ge­mo­dia­liz, hi­mio­te­ra­pi­ýa otag­la­ry bo­lup, olar­da dür­li luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry ama­la aşy­ryl­ýar. Şeý­le hem bu ýer­de pe­di­at­ri­ýa, gi­ne­ko­lo­gi­ýa, neý­rot­raw­ma­to­lo­gi­ýa, hi­rur­gi­ýa, uro­lo­gi­ýa, on­ko­lo­gi­ýa, kar­dio­lo­gi­ýa, en­dok­ri­no­lo­gi­ýa we beý­le­ki bö­lüm­ler göz öňün­de tu­tul­dy.

Has­sa­ha­na­da ça­ga dog­ruş bö­lü­mi, 200 orun­lyk mas­la­hat­lar za­ly hem ýer­le­şer. Tä­ze luk­man­çy­lyk top­lu­my ýo­ka­ry hal­ka­ra ül­ňü­le­re la­ýyk­lyk­da en­jam­laş­dy­ry­lar. Bu ýer­de gur­lu­şyk iş­le­ri­niň tap­gyr­la­ýyn al­nyp ba­ryl­ma­gy Ha­za­ryň eko­lo­gik taý­dan aras­sa ke­na­ryn­da ke­ma­la gel­ýän, hal­ka­ra de­re­je­li, döw­re­bap şy­pa­ha­na dü­zü­mi­niň çäk­le­ri­ni ep-es­li gi­ňelt­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di.

Tä­ze kot­tej­ler top­lu­my
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de, ba­ry-ýo­gy bir­nä­çe ýy­lyň do­wa­myn­da Ha­za­ryň ke­na­ry ta­nal­maz de­re­je­de öz­ger­di. Hä­zir bu ýer­de köp san­ly ka­şaň myh­man­ha­na­lar, ça­ga­lar we uly adam­lar üçin ni­ýet­le­nen sa­gal­dyş-dynç alyş mer­kez­le­ri, kot­tej şä­her­jik­le­ri peý­da bol­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hä­zir­ki dö­wür­de Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan gur­lu­şy­gy bat­ly dep­gin­ler­de al­nyp ba­ryl­ýan tä­ze kot­tej­ler top­lu­my­nyň gur­lu­şyk iş­le­ri bi­len tan­şyp, bir­leş­mä­niň ýol­baş­çy­sy­na bu des­ga­nyň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­bat­da nä­gi­le­lik bil­dir­di.
Mil­li Li­de­ri­miz kot­tej­ler­de üp­jün edil­ýän müm­kin­çi­lik­le­riň, ola­ryň be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň, kot­tej­le­riň otag­la­ry­nyň reňk­le­ri­niň saz­la­şy­gy­nyň hä­zir­ki döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­me­ýän­di­gi­ni bel­läp, ýol ber­len säw­lik­le­ri gys­ga wagt­da dü­zet­mek ba­bat­da anyk çä­re­le­ri gör­me­gi berk ta­lap et­di.
Adam­la­ryň deň­ziň ke­na­ryn­da amat­ly dynç al­mak­la­ry, sag­lyk­la­ry­ny ber­kit­mek­le­ri üçin ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň çöz­gü­di­ne hem-de dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň ta­la­ba­la­ýyk gu­rul­ma­gy­na mö­hüm üns be­ril­me­li­dir.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ba­bat­da aý­dyp, gur­lu­şyk iş­le­rin­de mil­li bi­na­gär­lik ýö­rel­ge­le­ri bi­len hä­zir­ki za­ma­nyň ösen tej­ri­be­si­niň ut­gaş­dy­ryl­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň baş mak­sa­dy ýur­du­my­zyň umu­ma­dam­zat bäh­bit­li te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny, de­ňiz ýa­ka­sy­nyň ägirt uly dynç alyş müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­mak­dan yba­rat­dyr. Mu­nuň özi Ha­za­ryň eko­lo­gik taý­dan aras­sa ke­na­ryn­da dynç alyş üçin has aja­ýyp şert­le­ri dö­ret­mek me­se­le­le­ri­niň esa­sy ugur hök­mün­de kes­git­le­nen­di­gi­ni gör­kez­ýär.
Türk­men top­ra­gy­nyň aja­ýyp kün­jek­le­ri­niň bi­rin­de ýer­leş­ýän «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki şy­pa­ha­na, dynç alyş, sy­ýa­hat­çy­lyk hem-de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň mer­ke­zi hök­mün­de yk­rar edil­di. Şu­nuň ýa­ly giň ugur­lar deň­ziň ke­na­ryn­da ama­la aşy­ryl­ýan giň möç­ber­li tas­la­ma­lar­da öz be­ýa­ny­ny tap­ma­ly­dyr di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di. Bu­la­ryň äh­li­si Ha­zar deň­zi­niň ke­na­ryn­da dynç al­ýan­la­ra ýo­ka­ry hil­li hyz­mat­la­ry hö­dür­le­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.

«Ra­hat» at­ly gä­mi ýü­zü­şe ba­dal­ga al­dy
7-nji iýul­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ir sä­her bi­len Ha­za­ryň ke­na­ry­na çy­kyp, ir­ki maşk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­di we we­lo­si­ped­de ge­ze­lenç et­di. Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň «Türk­men­de­ňiz­der­ýa­ýol­la­ry» agent­li­gi­niň yg­ty­ýa­ry­na ge­lip gow­şan «Ra­hat» at­ly tä­ze ýo­lag­çy gä­mi­si­niň il­kin­ji ýü­zü­şi­ne ak pa­ta ber­mek çä­re­si­ne gat­naş­dy.
Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­syn­da gur­lan bu ýo­ka­ry tiz­lik­li ýo­lag­çy gä­mi­si de­ňiz­de ge­ze­lenç et­me­gi ha­la­ýan sy­ýa­hat­çy­lar we ja­han­keş­de­ler üçin ni­ýet­le­nen­dir. Gä­mi­niň umu­my uzyn­ly­gy 33 metr­den gow­rak­dyr.
Tä­ze gä­mi­niň ser­ker­de­si döwlet Baştutanymyza «Ra­hat» at­ly ýo­ka­ry tiz­lik­li, äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan ýo­lag­çy gä­mi­si­niň il­kin­ji ýü­zü­şe taý­ýar­dy­gy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di hem-de hormatly Prezidentimizden il­kin­ji ýü­zü­şe ak pa­ta ber­me­gi­ni ha­ýyş et­di.
Mil­li Li­de­ri­miz egin­deş­le­ri bi­len ak gu­wa ça­lym­daş ak gä­mä mün­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ak pa­ta­sy bi­len «Ra­hat» at­ly gä­mi go­ja­man Ha­za­ryň gi­ňiş­li­gi bo­ýun­ça ýü­zü­şe ba­dal­ga al­dy.
Ýo­lag­çy­lar üçin äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan gä­mi ra­hat ýü­zü­şi ama­la aşyr­mak, ýü­zü­şiň do­wa­myn­da oňaý­ly dynç al­mak hem-de de­ňiz gi­ňiş­li­gi­ni syn­la­mak üçin ze­rur şert­ler bi­len üp­jün edi­lip­dir. Döw­re­bap be­ze­gi, ke­nar­dan 100 mi­le çen­li uzak­lyk­da ýü­zü­şi ama­la aşyr­ma­ga müm­kin­çi­li­gi bo­lan bu gä­mi­niň teh­ni­ki gör­ke­zi­ji­le­ri we en­jam­laş­dy­ry­ly­şy hä­zir­ki za­man ýo­lag­çy gä­mi­le­ri­ne bil­di­ril­ýän ýo­ka­ry ta­lap­la­ra do­ly la­ýyk gel­ýär.
Soň­ky ýyl­lar­da türk­men ta­ra­py­nyň bu­ýur­ma­sy bo­ýun­ça döw­re­bap tan­ker­ler hem-de söw­da flo­tu­nyň beý­le­ki gä­mi­le­ri gu­rul­dy we ulan­ma­ga be­ril­di. Ola­ryň ýo­ka­ry ula­nyş hä­si­ýet­na­ma­la­ry, in­no­wa­si­on teh­ni­ki öl­çeg­le­ri gä­mi­le­ri de­ňiz ar­ka­ly ýük da­şa­ma­lar ba­za­ryn­da ze­rur bo­lan ulag­la­ryň ha­ta­ry­na çy­kar­ýar.
Ýo­lag­çy gä­mi­le­ri­ni teh­ni­ki taý­dan en­jam­laş­dyr­mak we yzy­gi­der­li üs­tü­ni ýe­tir­mek bo­ýun­ça hem uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. «Ra­hat» at­ly tä­ze gä­mi­niň por­tu­my­za gel­me­gi mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di.
Go­ja­man Ha­za­ryň tol­kun­la­ry­nyň ara­syn­dan ýol kül­ter­le­ýän gä­mi ke­nar­dan daş­laş­dy. Göz­ýe­tim­de as­man bi­len bir­leş­ýän aja­ýyp de­ňiz gi­ňiş­li­gi haý­ran gal­dyr­ýar. Bu ýer­den ke­nar­da ýa­ýy­lyp gid­ýän «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň keş­bi has-da gö­zel gö­rün­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy we yzy­gi­der­li ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, Ha­zar deň­zi­niň türk­men ke­na­ryn­da giň möç­ber­li tas­la­ma­lar yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu bol­sa ýo­ka­ry hal­ka­ra öl­çeg­le­re ky­bap gel­ýän ösen sy­ýa­hat­çy­lyk hem-de dynç alyş dü­zü­mi­ni dö­ret­mä­ge ýar­dam ed­ýär.
De­ňiz­de ýü­zü­şiň do­wa­myn­da döwlet Baştutanymyz egin­deş­le­ri bi­len türk­men top­ra­gy­nyň bu aja­ýyp kün­je­gin­de al­nyp ba­ryl­ýan ne­ti­je­li iş­le­ri yzy­gi­der­li do­wam et­mek, Ha­za­ryň eko­lo­gi­ýa­sy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni, onuň bio­dür­lü­li­gi­ni sak­la­mak we kün­je­giň ösüm­lik hem-de haý­wa­nat dün­ýä­si­ni yl­my esas­da öw­ren­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz de­ňiz bo­ýun­ça bu ge­ze­len­ji­niň do­wa­myn­da Ha­za­ryň ke­na­ryn­da iş­jeň dynç al­şyň hä­zir­ki za­man usul­la­ry­ny or­naş­dyr­mak, myh­man­la­ra edil­ýän hyz­mat­la­ryň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak we onuň gör­nüş­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça ta­la­ba­la­ýyk iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy ze­rur­dyr di­ýip bel­le­di.
Bu mö­hüm ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler­de adam, ola­ryň bag­ty­ýar dur­mu­şy we amat­ly dynç al­şy ha­kyn­da­ky ala­da uly üns be­ril­me­li­di­gi nyg­tal­dy.