Şu ýyl ata Watanymyzda berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy dabaraly bellenilýär. Gojaman taryhyň gatlaryny külterlänimizde ujypsyz möhlet ýaly bolup görünýän Garaşsyzlyk ýyllary içinde döwletimizde amala aşyrylan işler, ýetilen sepgitler asyrlara barabar ölçegler bilen ölçenilmäge mynasypdyr. Türkmen topragynda ýaşaýan bagtyýar halkymyz Garaşsyzlygyň eçilýän miwelerini her ädimde görüp we duýup ýaşaýarlar. Garaşsyzlygymyzyň ösüşleriniň badyny aýlawlarymyzy baglan ýelden ýüwrük bedewlerimiziň aýak urşuna deňemek bolar. Çünki, ýurt Garaşsyzlygymyz Türkmenistanyň syýasy taýdan kämil, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülmegine şert döretdi, agzybirlikde çekilen zähmetiň netijesinde halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda görlüp-eşidilmedik ýeňişlere eýe bolundy.
Gadymy türkmen topragy gözümiziň alnynda tanalmaz derejede özgerýär. Häzirki döwürde ähli türkmenistanlylar Watanymyzyň sebitlerini, çetdäki künjeklerini hem öz içine alýan iri möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginiň şaýady bolmak bilen çäklenmän, eýsem, oňa işjeň gatnaşýarlar.
«Gurýan döwlet gurply döwletdir» diýilýär. Şu nukdaýnazardan alanymyzda bu gün ak mermerli Aşgabadymyzy, welaýat we etrap merkezlerini, obadyr şäherlerimizi, şäherçeleri görmäge göz gerek. Olaryň haýsy birini synlasaň, göze gelüwli, täze nusgaly ýaşaýyş jaýlary, durmuş we medeni maksatly binalar, her biri tarypa mynasyp önümçilik desgalary, çar ýana uzaýan demir we gara ýollar gözüňi dokundyrýar. Adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha gowulanmagy Garaşsyzlygyň, erkanalygyň, yhlasly çekilýän zähmetiň miwesidir.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde özboluşly medeniýetiň, sungatyň gadymy merkezleriniň biri hasaplanýan etrabymyz hem ösüş-özgerişlere beslendi. Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda Köneürgenç şäherinde ýylda 40 müň tonna tohumlyk çigit arassalaýan kärhana, pagta egriji fabrik, Köneürgenç şäher agyz suw müdirliginiň Suwy arassalaýjy desgasy, Köneürgenç etrabynda hem 10 gektarlyk ýyladyşhana gurlup ulanmaga berildi.
Ýurdumyzda täze döwrebap obalaryň gurulmagy, olarda ýaşamak üçin şäher şertinden pes bolmadyk ähli mümkinçilikleriň döredilmegi bagtyýarlyk döwrüniň esasy aýratynlygydyr. Hormatly Prezidentimiziň «Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze, döwrebap şäherçäni gurmak hakyndaky» Karary esasynda häzirki wagtda etrabymyzyň «Täze ýol» geňeşliginde şeýle döwrebap obalaryň biriniň binalarynyň we desgalarynyň gurluşygy alnyp barylýar. 98 gektar meýdany tutýan täze, döwrebap şäherçede 400 sany ýaşaýyş jaýy gurlar, gurulýan önümçilik kärhanalarynda we beýleki maksatly desgalarda ýaşlaryň ýüzlerçesi üçin täze iş orunlary dörär. Şäherçede 500 belgä niýetlenen aragatnaşyk bölüminiň, Geňeşligiň edara binalarynyň, Azyk harytlary hem-de Azyk we senagat harytlary dükanlarynyň, 500 orunlyk toý mekanynyň, Alkogolsyz içgileri öndürýän kärhananyň, Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň gurluşygy tamamlanan binalary bilen bir hatarda Saglyk öýüniň binasy kaşaňlygy bilen tapawutlanýar. Bereketli bazary öz içine alýan söwda merkezinde bolsa daýhanlara öndürýän önümlerini alyjylara hödürlemäge giň mümkinçilik açylar.
Şeýle hem şäherçede multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen 420 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň, 160 orunlyk çagalar bagynyň, 200 orunlyk medeniýet öýüniň, Hyzmatlar öýüniň, limon we kömelek ýetişdirýän ýyladyşhanalaryň, Çörek we çörek önümlerini öndürýän kiçi kärhananyň, şäherçä barýan ýollaryň we içerki ýollaryň gurluşygy dowam edýär. Welaýatymyzyň çäginde hem «Daşoguz welaýatyny 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň» esasynda Daşoguz şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň, 450 orunlyk köpugurly hassahananyň, 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Adam hakyndaky aladanyň ileri tutulyp, halkymyzyň bagtyýarlykda ýaşamagy üçin zerur şertleriň döredilmegi üçin amala aşyrylýan beýik işler ýurdumyzyň kuwwatly hem-de ähli ugurlar boýunça ösýän döwletdigini görkezýär.
Täze taryhyň altyn gatynda mynasyp orun alýan «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni berkarar Diýarymyzyň ägirt uly üstünliklerini, şanly wakalaryny özünde jemläp, biziň her birimizi zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bellenilýän bu ýylda iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň ençemesiniň açylyp, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýär.
Biz ajaýyp Watanda – Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýaşaýarys, oňa guwanýarys, buýsanýarys. Goý, ynsan göwünleriniň belende göterilmegine ganat berýän ynanyşmagyň, dost-doganlygyň, parahatçylygyň nury bütin dünýä ýagtylyk şöhlesini hemişe saçyp dursun! Ähli halkymyzy belent maksatlaryň töwereginde mäkäm jebisleşdirip, eziz Watanymyzyň beýik ösüşleri ugrunda döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Mahmyt Ýazow,
Türkmenistanyň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap
birleşmesiniň başlygy.