Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Kans­le­ri An­ge­la Mer­kel Be­ýik Bri­ta­ni­ýa iň soň­ky iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, Prem­ýer-mi­nistr Bo­ris Jon­son bi­len du­şuş­dy. Bu sa­par 2005-nji ýyl­dan, Mer­ke­liň Kans­ler bo­lup işe baş­lan döw­rün­den bä­ri 22-nji sa­pa­ry­dyr. In­di onuň yg­ty­ýar­lyk möh­le­ti gu­tar­ýar. 26-njy sent­ýabr­da Ger­ma­ni­ýa­da Par­la­ment saý­law­la­ry ge­çi­ri­lip, An­ge­la Mer­kel fe­de­ral hö­kü­me­tiň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne öz da­laş­gär­li­gi­ni gaý­ta­dan hö­dür­le­me­jek­di­gi­ni aýt­dy. Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da iki ýur­duň ýol­baş­çy­la­ry Lon­don bi­len Ber­li­niň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­mak ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar.
– Mer­ke­liň Kans­ler we­zi­pe­sin­de iş­län 16 ýyl­dan gow­rak wag­ty­nyň için­de Be­ýik Bri­ta­ni­ýa bi­len Ger­ma­ni­ýa­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar ösüp, tä­ze döw­re ga­dam bas­dy. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­ny we Ger­ma­ni­ýa­ny köp me­se­le­ler­de mä­käm dost­luk hem-de umu­my ga­ra­ýyş­lar bag­la­nyş­dyr­ýar. Bi­ziň alym­la­ry­myz, oý­lap ta­py­jy­la­ry­myz we se­na­gat­çy­la­ry­myz dün­ýä­ni has-da go­wu­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len bi­le­lik­de iş­le­ýär­ler – di­ýip, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Bo­ris Jon­son bel­le­di. Mer­kel bi­len Jon­son ta­rap­la­ryň tej­ri­be alyş­ma­gy­ny üp­jün et­mek we hyz­mat­daş­ly­gy art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len iki ýur­duň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň her ýyl­ky ýyg­na­gy­ny ge­çir­mek ba­ra­da yla­la­şyk ga­zan­dy­lar.
Kans­ler ylym pu­da­gyn­da iň­lis-ger­man gat­na­şyk­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti­ni ile­ri tut­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Sa­pa­ryň do­wa­myn­da ko­rol­ly­gyň hö­kü­met baş­ly­gy Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Kans­le­ri­niň hor­ma­ty­na aka­de­mi­ki me­da­lyň dö­re­di­len­di­gi­ni ha­bar ber­di. 2010-njy ýyl­da An­ge­la Mer­kel ko­rol Çarlz II me­da­ly bi­len sy­lag­la­nyp­dy.
Ger­ma­ni­ýa­nyň Kans­le­ri Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň şa ze­na­ny Ýe­li­za­we­ta II bi­len du­şuş­dy. Mo­narh ony Lon­don­dan 40 km uzak­lyk­da ýer­leş­ýän Berk­şir graf­ly­gyn­da­ky Wind­zor ga­la­syn­da ka­bul et­di. 2015-nji ýyl­da ger­man kan­sel­ýa­ri­ýa­syn­da bu ýur­da şa ze­na­nyň sa­pa­ry wag­tyn­da ola­ryň şah­sy du­şu­şy­gy ge­çi­ri­lip­di. Iki ge­zek 2008-nji we 2014-nji ýyl­lar­da Ýe­li­za­we­ta II Bu­kin­gem köş­gün­de Mer­ke­li myh­man alyp­dy. Olar iň soň­ky ge­zek iýun aýyn­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Kor­nuoll şä­he­rin­de ge­çi­ri­len G-7 sam­mi­ti­niň çä­gin­de gör­şüp­di­ler.