«Milli bileleşik» kongresinde täze möhlete saýlanan partiýanyň lideri Marin Le Pen 2022-nji ýylda Fransiýada geçiriljek Prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin bir ýyl zähmet rugsadynda bolar. Ol bu barada partiýa forumynda habar berdi we başlygyň birinji orunbasary Žordan Bardellanyň partiýa baştutanlyk etjekdigini aýtdy.
Bu karar Perpinýanda geçirilen gurultaýa gatnaşanlaryň köpüsi tarapyndan goldanyldy. Ýewropa Parlamentiniň agzasy, 25 ýaşly Žordan Bardella partiýanyň ýolbaşçylygyny döretmekde Perpinýan şäheriniň häkimi Lui Aliodan öňe geçdi.
Marin Le Pen ozal 2022-nji ýylda Fransiýada geçiriljek Prezident saýlawlaryna gatnaşmak isleýändigini mälim edipdi. Aprel aýynda syýasatçy ýeňiş gazanmagynyň mümkindigini aýtdy. 2017-nji ýylda Le Pen prezidentlik bäsleşiginiň birinji tapgyrynda 21,30 göterim ses alyp, 24,01 göterim sese eýe bolan «Ýöriş» hereketiniň dalaşgäri Emmanuel Makrondan soň ikinji bolupdy. Ikinji tapgyrda Emmanuel Makron 66,10 göterim ses alyp, Fransiýanyň Prezidenti boldy. Şol döwürde saýlawçylaryň 33,90 göterimi Marin Le Pene ses berdi.
Fransiýada indiki Prezident saýlawlary 2022-nji ýylyň 10-njy we 24-nji aprelinde geçiriler. Fransuz sosiologlarynyň çaklamalaryna görä, Marin Le Pen Emmanuel Makron bilen bilelikde ikinji tapgyra çykar. Ýurduň Prezidenti bäş ýyllyk möhlete saýlanýar.