Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň gurluşy tassyklanyldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim babatda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, halkara gatnaşyklarda ýurdumyzyň bähbitlerine mynasyp wekilçilik edip biljek ýokary bilimli diplomatik işgärleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň gurluşy tassyklanyldy.

Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi, Ýaş diplomatlaryň mekdebini hem-de sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümini açmak bellenildi.

Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ulgamynda administratiw-tehniki işgärler boýunça ätiýaçlyk düzüminiň döredilendigi göz öňünde tutulyp, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkeziniň işi wagtlaýyn togtadyldy.