Mundan laýyk bir aý öň Rimde başlan 16-njy Ýewropa çempionaty rimlileriň Londondaky ýeňşi bilen tamamlandy. Angliýanyň paýtagtyndaky “Wembley” stadionynda oýnalan finalda Italiýanyň ýygyndysy penaltileriň netijesinde ýeňşini baýram etdi. Ýagyşly howada başlan oýunda Niderlandlardan Býorn Kuipers jürlewük çaldy. Oýna 67173 janköýer tomaşa etdi.

Çekeleşikli geçen oýunda eýýäm 2-nji minutda Luk Şow iňlisleri öňe saýlady. Bu gol Ýewropa çempionatlarynyň finalynda derwezä urlan iň çalt gol hökmünde hasaba alyndy (1 minut 56 sekunt). Bu goldan soň oýnuň jylawyny ele alan italýanlara hasaby deňlemek 1-nji ýarymda başartmady. 2-nji ýarymda hüjümiň depginini has-da güýçlendiren Italiýanyň ýygyndysy 67-nji minutda burçdan ýerine ýetirilen urgudan soň hasaby deňlemegi başardy. Bu goly toparyň tejribeli goragçysy Leonardo Bonuççi derwezä girizdi. Goldan soňam italýanlar oýnuň kontrollygyny özünde sakladylar. Netijede, amatly pursatlar döredilse-de, oýnuň esasy wagty 1-1 deňlikde tamamlandy. Goşmaça wagtda-da üýtgän zat bolmady we ýeňijini penalti urgulary kesgitlemeli boldy. Bu urgularda italýanlardan 3 futbolçy – Berardi, Bonuççi, Bernardeski takyk urmagy başardy. Belotti bilen Žoržinionyň urgulary-da derwezeçi Pikford sowdy. Iňlislerden 1-2-nji urgulary degişlilikde, Keýn bilen Maguýar ýalňyşsyz ýerine ýetirdi. Tälimçi Sautgeýtiň ýörite penaltiler üçin oýna salan ýaş futbolçylary – Reşford bilen Sanço hem-de Saka ynanylan tamany ödäp bilmediler. Reşfordyň urgusy sütüne degen bolsa, beýleki ikisiniň urgulary Donnarumma saklady.

Şeýlelikde, penaltileriň netijesinde 3-2 hasabynda üstünlik gazanan Italiýanyň ýygyndysy 53 ýyldan soň, ýagny 1968-nji ýyldan soň ikinji gezek Ýewropanyň çempiony diýen ady eýelemegi başardy.

Bu ýaryşda ilkinji gezek finala çykan futbolyň watany hasaplanýan Angliýa öz meýdançasynda kubogy gazanmak başartmady. Başgaça aýdylanda, futbol öýünde galman, Rime gaýtdy.