• Italiýanyň ýygyndysy Ýewropa çempionatynda iki çempionlyk gazanan 4-nji topar bolup, ondan öňde Germaniýadyr (3) Ispaniýanyň (3) hem-de Fransiýanyň (2) ýygyndylar bar.
  • Italiýanyň ýygyndysy bir çempionatda oýundan soň penalti urgularynda 2 gezek ýeňiş gazanan ilkinji topar boldy.
  • Italiýaly Leonardo Bonuççi finalda gol geçiren iň ýaşuly futbolçy hökmünde hasaba alyndy (34 ýaş 71 gün).
  • Luk Şowuň 2-nji minut dolmanka, has takygy, oýnuň 1-nji minut 56-njy sekundynda geçiren goly final duşuşyklarynyň iň çalt goly boldy.
  • Bu final goşmaça wagty oýnalan 7-nji final (1960, 1968, 1976, 1996, 2000, 2016, 2021), şeýle-de penalti urgulary ýerine ýetirilen 2-nji final boldy (1976, 2021).
  • Italiýaly Žoržinio bilen Emerson Palmieri (ikisem “Çelsi” klubunyň köýnekçesini geýýär) bir ýylda hem Çempionlar ligasynyň hem-de Ýewropanyň çempionlygyny gazanan 10-11-nji futbolçylar boldy. Olardan öň
  • Italiýanyň ýygyndysynyň ýeňlişsiz ýörişini 34 duşuşyga ýetirdi. Olar ýene-de 2 oýunda ýeňilmese bu ugurda Braziliýadyr Ispaniýanyň 35 oýunlyk rekordyny täzelär.
  • Leonardo Bonuççi Ýewropa çempionatlaryndaky 18-nji duşuşygyny geçirip, bu babatda milli rekordy täzeledi. Jorjio Kiellini bolsa, 17-nji duşuşygyny geçirip, Buffon bilen deňleşdi.
  • Italiýanyň ýygyndysy final oýnunda topa eýeçilik etmekde 65,6 göterimlik netije görkezdi. Bu Ýewropa çempionatlarynyň finalyndaky iň ýokary görkezijidir.
  • Italiýanyň tälimçisi Roberto Mançini we kömekçilerinden Janluka Wialli “Sampdoriýa” topary bilen mundan 29 ýyl ozal, Wembley-de Çempionlar ligasynyň finalynda (Ýewropanyň Çempion Klublaryň Kubogy) “Barselonadan” 1-0 asgyn gelipdi.
  • Angliýanyň ýygyndysy uly ýaryşlarda 10-njy gezek oýundan soň penalti urgularyny ýerine ýetirip, olar 7-nji sapar (Ýewropa çempionatlarynda 4-nji gezek) ýeňlişe sezewar boldy.
  • Angliýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda ýeňlişe sezewar bolan 3-nji topar hökmünde hasaba alyndy. 2004-nji ýylda Portugaliýa Gresiýadan, 2016-njy ýylda Fransiýa Portugaliýadan finalda asgyn gelipdi.
  • Ýewropa çempionatynda şu wagta çenli diňe 3 ýygyndy öz meýdançasynda çempionlyk gazandy (Ispaniýa – 1964, Italiýa – 1968, Fransiýa – 1984)
  • Ýewropa çempionatynda ilkinji gezek finala çykan Angliýanyň ýygyndysyna çempionlyk başartmady. Başgaça aýdylanda, çempion täzelenmedi. Mundan çempion bolan 10 ýygyndynyň 9-sy ilkinji finalynda çempionlyk gazanypdy. Diňe Portugaliýa 2-nji finalynda çempionlyk gazandy.