Italiýanyň ýygyndysynyň çelsili futbolçylary – Žoržinio bilen Emerson Palmeriniň topardaşlaryndan iň uly aýratynlygy bu çempionlykdan 1,5 aý töweregi öň Çempionlar ligasynyň kubogyny hem gazanypdylar. Şeýlelikde, olar bir möwsümde Çempionlar ligasynyň hem-de Ýewropa çempionatynyň ýeňijileri boldy. Olar şeýle başarnyk görkezen 10-11-nji futbolçylar hökmünde hasaba alyndy. Bu iki asly brazil bolan futbolçylardan öň 1964-nji ýylda ispaniýaly Luis Suares (“Inter”), 1988-nji ýylda gollandiýaly Hans wan Breukelen, Ronald Kuman, Berri wan Aerle (“PSW Eýndhowen”), 2012-nji ýylda ispaniýaly Fernando Torres bilen Huan Mata (“Çelsi”), 2016-njy ýylda-da portugaliýaly Kristiano Ronaldo bilen Pepe (“Real Madrid”) iki arzyly kubogy eýeläpdiler.