CHepdäniň ýekşenbe güni UFC-niň çäklerinde geçirilen amerikaly Dastin Porýe bilen irlandiýaly Konor MakGregoryň arasynda tutluşyk geçirildi. Tutluşyk eminiň gelen netijesinde Porýeniň ýeňşi bilen tamamlanypdy. Aýagyny ýere gyşyk basan Konor MakGregor nasilka bilen alyp gidildi. MakGregoryň bu ýeňlişiniň başga bir urşuja, has takygy amerikaly Floýd Meýwezeriň kassasyna ep-esli girdeji goşdy. Meýwezer özüniň instagram hasabyndan MakGregoryň ýeňlişe sezewar boljakdygy barada 50 müň dollarlyk jedelleşendigini aýtdy. Netijede, 44 ýaşyndaky boksçy 35 müň dollar gazanmagy başardy.