Ýaponiýanyň Milli Maglumat we Aragatnaşyk Tehnologiýalary Institutynyň inženerleri 319 terabit/sekunt tizlik bilen dünýä internet tizligini rekord goýmagy başardylar. Rekordy täzelän infrastruktura häzirki döwrüň infrastrukturasy bilen hem gabat gelýär. Häzirki wagtda giňden ulanylýan optiki süýümli infrastruktura bilen inženerler has köp maglumaty kiçi maglumat bukjalaryna gysmak üçin täze tehnologiýany ösdürmegi başardylar. Netijede, häzirki infrastruktura laýyk gelýän 3000 kilometr süýümli geçiriji arkaly 319 terabit (319 + 12 nol kilobit) tizlige ýetmegi başardylar. Başgaça aýdylanda, 1 sekuntda GTA V atly wideo oýny 5 müň gezek “download” edildi. Ozalky iň ýokary tizlik 178 terabaýt/sekunda deňdi.
Signallar “Tolkun uzynlygyny bölüp köpeltmek (WDM) atly usul bilen bir wagtda iberilýän tolkun uzynlyklaryna bölündi. Has köp maglumat geçirmek üçin seýrek ulanylýan zolak goşuldy we dürli optiki güýçlendiriş tehnologiýalary ulanylyp aralyk uzaldyldy. Şeýlelikde dört ýadroly optiki süýüm öňki rekordy täzeledi.
Gazanylan täze tizlik Ýaponiýa, ABŞ, Täze Zelandiýa ýaly internetiň tizligi 10 gigabaýt/sekunt bolan ýurtlardaky tizlikden 17 müň 800 esse tiz diýmekdir.