Ýewropa çempionatyny şowsuz tamamlan Russiýanyň ýygyndysynda tälimçi Stanislaw Çerçesow wezipesinden boşadylypdy. Russiýanyň Futbol federasiýasy onuň ornuna tälimçi gözlegini ýokary depginde dowam etdirýär. Häzirki wagtda “Rubin”, “Rostow toparlarynyň ozalky tälimçisi, türkmenistanly Gurban Berdiýewiň ady agzalýar. 68 ýaşly tälimçi Berdiýewiň ýygyndynyň ozalky tälimçisi Çerçesowyň ornuna bellenmegi mümkin. Bu barada “Sport-Ekspress” habar berýär. Habarda tejribeli tälimçi bilen ilkibaşda Katar 2022-niň ahyryna çenli şertnama baglaşmak göz öňünde tutulýar. Onuň aýlyk hakynyň-da Çerçesowyňkydan az bolar diýlip, habar bellenilýär. Gurbasn Berdiýew 2019-njy ýylyň tomsunda “Rubindäki” wezipesini taşlapdy. Edil häzirki wagtda Berdiýew Gazagystanyň “Kaýrat” toparynyň synçylarynyň maslahatçysy wezipesinde işleýär.