Iýul aýynyň başynda Ýewropa Bileleşiginde bitewi sanly COVID – şahadatnama ulgamy resmi taýdan işe girizildi. Bu adamlaryň erkin hereket etmegine hem-de bileleşigiň çäginde ykdysady dikeldişe goldaw bermek maksady bilen döredildi. Şahadatnamada onuň eýesiniň koronawirusa garşy immuniteti – sanjymlaryň, öňki keseliniň we soňky 72 sagatda geçirilen PCR barlaglarynyň netijeleri bar. Resminama kagyz we elektron görnüşinde berlip, onda QR kody bar. Bu resminama el telefony arkaly hem ulanylyp bilner.
Şahadatnamalar Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň hökümetleri tarapyndan berilýär we ulgama goşulan döwletler tarapyndan ykrar edilýär. Gaty zerur bolmasa, ÝB ýurtlary şahadatnamanyň eýelerine syýahat çäklendirmelerini girizmezler. Şu wagta çenli Ýewropanyň derman serişdeleri gullugy dört sany COVID-19 sanjymynyň ulanylmagyny tassyklady: «Pfizer», «Moderna», «AstraZeneca» we «Johnson & Johnson».
Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen sanly şahadatnama ulgamynyň işe girizilmeginiň, ilkinji nobatda, Ýewropa Bileleşiginiň raýatlarynyň saglygyny goramaga gönükdirilendigini we Ýewropada açyklygyň we howpsuzlygyň nyşanydygyny aýtdy. Mundan başga-da, Ýewropa Bileleşiginiň uly ýaşly ilatynyň 70%-ini iýul aýynyň başynda sanjym etmek üçin ýeterlik mukdarda sanjym alandygyny, şol bir wagtyň özünde bileleşikde çagalara we ýetginjeklere sanjymlaryň başlandygyny habar berdi.